1424

وعنْ عَلِيٍّ رضي اللَّه عنْهُ قال: كانَ رَسُولُ اللَّهِ إذا قام إلى الصَّلاةِ يكونُ مِنْ آخِر ما يقولُ بينَ التَّشَهُّدِ والتَّسْلِيم: « اللَّهمَّ اغفِرْ لي ما قَدَّمتُ وما أَخَّرْتُ وما أَسْرَرْتُ ومَا أعْلَنْتُ وما أَسْرفْتُ وما أَنتَ أَعْلمُ بِهِ مِنِّي، أنْتَ المُقَدِّمُ وَأنْتَ المُؤَخِّرُ لا إله إلاَّ أنْتَ « . رواه مسلم .

Alydan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir:

"“Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem namazda ettahiýýati bilen salamyň arasyndaky edýän dogasynyň iň soňunda şuny aýdardy:
“Allahummägfir li mä koddämtu, wä mä ähhortu, wä mä äsrortu, wä mä a’läntu, wä mä äsroftu, wä mä Äntä a’lämu bihi minni! Äntäl-Mukaddimu wä Äntäl-Muähhiru, lä ilähä illä Äntä!”
(Allahym! Şu wagta çenli eden günälerim, mundan beýläk etjek günälerim, gizlän we aç-açan eden günälerim, aşa köp eden günälerim we menden Özüň has gowy bilýän ähli günälerim üçin meni bagyşla! Öňe gidirýänem, yza galdyrýanam Sensiň. Senden başga hiç hili hudaý ýokdur!) "

Salgylanma:

(Muslim)