1478

وعَنِ ابنِ عُمَر رَضِيَ اللَّه عَنْهُما قَالَ: كانَ مِنْ دُعاءِ رسُولِ اللَّهِ صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم « اللَّهمَّ إِنِّي أَعُوذُ بِكَ مِنْ زَوَالِ نِعْمَتِكَ، وَتَحَوُّلِ عَافِيَتِكَ وَفُجاءَةِ نِقْمَتِكَ، وَجميعِ سخَطِكَ « .روَاهُ مُسْلِمٌ .

Ibn Omardan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir:

"“Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle doga ederdi:
“Allahummä inni a’uzu bikä min zawäli ni’mätikä, wä tahawwuli ‘afiýätikä, wä fujäti nikmätikä, wä jämi’y sahatikä!”
(Allahym! Beren nygmatlaryň ýok bolup gitmeginden, beren afiýetiň (jan saglygyň, asudalygyň) üýtgäp gitmeginden, duýdansyz berjek jezaňdan we gazabyňa sezewar etjek her dürli zatlardan, Saňa sygynýaryn!)
"

Salgylanma:

(Muslim)