1484

وَعَن أَنسٍ رَضِيَ اللَّه عَنْهُ أَنَّ النَّبِيَّ صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم كَانَ يَقُولُ: « اللَّهمَّ إِنِّي أَعُوُذُ بِكَ مِنَ الْبرَصِ، وَالجُنُونِ، والجُذَامِ، وسّيءِ الأَسْقامِ « .رَوَاهُ أَبو داود بإِسنادٍ صحيحٍ .

Enesden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä,

"Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýip doga ederdi:
“Allahummä inni ‘auzu bikä minäl-barasy, wäl-jununi, wäl-juzämi wä säýýiil-askami!”
(Allahym, pis açma keselinden, dälilikden (ruhy kesellerden), juzam (heýwere) keselinden we (beýleki) erbet (agyr) kesellerden Saňa sygynýaryn!) "

Salgylanma:

(Ebu Dawud, sahyh isnad bilen rowaýat etdi)