1499

وَعَنْهُ أَنَّ رَسُول اللَّهِ صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم قَالَ: يُسْتجَابُ لأَحَدِكُم ما لَم يعْجلْ: يقُولُ قَد دَعوتُ رَبِّي فَلم يسْتَجبْ لي« متفقٌ عليه.

Ýene-de Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir:

“Howlukmasaňyz doga-dilegleriňiz (hökman) kabul ediler. Ynsan howlugyp: “Robbuma näçe gezek doga-dileg etdim, ýöne kabul etmedi!” diýer.

وفي رِوَايَةٍ لمُسْلِمٍ : « لا يزَالُ يُسْتَجَابُ لِلعَبْدِ مَا لَم يدعُ بإِثمٍ، أَوْ قَطِيعةِ رَحِمٍ، ما لَمْ يَسْتعْجِل « ْقِيلَ: يا رسُولَ اللَّهِ مَا الاسْتِعْجَالُ؟ قَالَ: « يَقُولُ: قَدْ دعَوْتُ وَقَدْ دَعَوْتُ فَلَم أَرَ يَسْتَجِيبُ لي، فَيَسْتَحْسِرُ عِنْد ذلك، ويَدَعُ الدُّعَاءَ« .

Muslimiň rowaýatynda şeýle gelýär:

"“Bir gul günä iş üçin dileg etmese ýa-da garyndaşlary bilen arany kesjek bir zat üçin dileg etmedik hem-de howlukmadyk ýagdaýynda, dilegleri kabul bolar”.
“Ýa Resulallah! Howlukmak näme?” diýip soranlarynda şeýle jogap berdi: “Näçe gezek dileg etdim, ýöne dileglerimiň kabul bolanyny görmedim” diýer. Dogasynyň derrew kabul bolmanlygy üçin hem, doga-dileg etmegi bes eder”.
"

Salgylanma:

(Muttafakun aleýhi)