1540

وعن أبي هُريرةَ رضي اللَّه عَنْهُ قالَ: قالَ رسُولُ اللَّهِ صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم: « تَجدُونَ النَّاسَ معادِنَ: خِيارُهُم في الجاهِليَّةِ خيارُهُم في الإسْلامِ إذا فَقُهُوا وتجدُونَ خِيارَ النَّاسِ في هذا الشَّأنِ أشدَّهُمْ لهُ كَراهِيةً وتَجدُونَ شَرَّ النَّاسِ ذا الوجْهيْنِ الذي يأتي هؤلاءِ بِوجْهٍ وَهؤلاءِ بِوَجْهٍ « .متفقٌ عليه.

Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir:

“Siz adamlary magdanlar ýaly (dürli-dürli görnüşde) görersiňiz: Jahyliýetde (Yslamdan öňki döwürde) haýyrly bolanlar, eger-de Yslam dinine düşünip öwrenseler, Yslamiýetde-de haýyrly bolanlary şolardyr. Bu meselede (ýagny ýolbaşçy bolmakda) olaryň iň gowusynyň, şony (ýagny ýolbaşçy bolmagy) beýlekilerden has beter ýigrenýän adamdygyny görersiňiz. Adamlaryň iň erbediniň iki ýüzlidigini görersiňiz, olar käbir adamlaryň ýanyna bir ýüzi bilen, başgalaryň ýanyna bolsa beýleki ýüzi bilen barar”.

Salgylanma:

(Muttafakun aleýhi)