1663

وَعَن ابن عُمر رضي اللَّه عنْهُمَا قَال: اشْتَكَى سعْدُ بنُ عُبادَةَ رضي اللَّه عنْهُ شَكْوَى فَأَتَاهُ رسُولُ اللَّه صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم يعُودُهُ معَ عبْدِ الرَّحْمنِ بنِ عوْفٍ، وسَعْدِ بنِ أبي وقَّاص، وعبْدِ اللَّه بن مسْعُودٍ رضي اللَّه عنْهمْ، فلما دخَلَ عليْهِ وجدهُ في غَشْيةٍ فَقالَ: «أَقُضَى؟ قَالُوا: لا يا رسُولَ اللَّه. فَبَكَى رسُولُ اللَّه صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم. فَلمَّا رَأى الْقَوْمُ بُكاءَ النبي صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم بَكَـوْا قَالَ: « ألاَ تَسْمعُون؟ إنَّ اللَّهُ لا يُعَذِّبُ بِدمْعِ الْعَيْنِ، ولا بِحُزْنِ الْقَلْبِ، ولَكِنْ يُعذِّبُ بِهذَا « وَأشَارَ إلى لِسانِهِ « أوْ يَرْحَمُ » .متفقٌ عليه.

Ibni Omardan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir:

"“Haçanda Sa’d ibni ‘Ubada hassa bolup ýatyrka, Abdurraman ibn ‘Auwf, Sa’d ibn Ebu Wakkas we Abdulla ibn Mes’ud (Allah olardan razy bolsun) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bilen bilelikde, Sa’d ibni ‘Ubadany soramaga geldiler. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem onuň ýanyna giren wagty onuň özüni bilmän ýatandygyny görüp: “Ol eýýäm janyny tabşyrdymy (öldimi)?” diýip sorady. Olar: “Ýok, ýa Resulullah!” diýdiler. Şonda Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ony görüp aglady. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň aglaýşyny gören sahabalar hem aglamaga durdylar. Şol wagt Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýdi:
“Siz eşitmeýärsiňizmi?! Elbetde Allah, gözlerden akan ýaş üçin we ýüregiň hasraty üçin azap berýän däldir. Azap berse-de rehim etse-de şu sebäplidir” diýip, dilini görkezdi”.
"

Salgylanma:

(Muttafakun aleýhi)