1672

وعَنْ معاويَةَ بنِ الحَكَم رضي اللَّه عَنْهُ قَال: قُلْتُ يا رسُول اللَّه إنَّى حَدِيثٌ عهْدٍ بِجاهِليَّةٍ وقدّْ جَاءَ اللَّه تعالى بالإسْلام وإنَّ مِنَّا رجالاً يأتُونَ الْكُهَّانَ؟ قَال: « فَلا تَأْتِهِم » قُلْتُ : وَمِنَّا رجالٌ يتَطَيَّرُونَ؟ قال: « ذلكَ شَىْءٌ يجِدُونَه في صُدُورِهِمْ فَلاَ يُصُدُّهُمْ » قُلْتُ: وَمِنَّا رِجَالٌ يَخُطُّونَ؟ قَالَ: « كَانَ نبيٌّ مِنَ الأنْبِيَاءِ يَخُط ، فَمَنْ وَافَقَ خَطَّهُ فَذاكَ» رواه مسلم.

Mu’awiýe ibn Hakemden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir:

“Men (Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň ýanyna baryp): “Ýa Resulallah, ýaňy-ýakynda jahiliýýetden (müşriklikden) saplandym, Allahyň emri bilen musulman bolmak maňa miýesser etdi ýöne, gynandyrýan zat aramyzda häzirem palça gidip, pal atdyrýanlary bar” diýdim. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Sen olara gitme!” diýdi. “Biziň aramyzda yrym edýän adamlaram bar” diýdim. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Şumlanyp, yrym etmek, olaryň köňüllerinde[1] dörän bir kör duýgudyr. Bu duýgy olary asla işlerinden saklamaly däldir, (çünki şumlanmak hiç kime ne haýyr, ne-de peýda getirip biler)” diýdi. “Biziň içimizde ýere çyzyk çyzýanlaram bar” diýdim. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Pygamberleriň içinde-de bir pygamber çyzyk çyzardy, kimiň çyzygy şoňa gabat gelse, ana, şonda bolar” diýdi”.

Salgylanma:

(Muslim)

bellikler:

[1]Ýagny olara şeýle bolup görüner.