1826

وعَنْ أبي هُرَيْرَةَ رضي اللَّه عَنْهُ عَن النَّبيِّ صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم قَالَ : « اشْتَرَى رَجُلٌ مِنْ رَجُلٍ عقَاراً فَوَجَد الذي اشْتَرَى الْعَقَارَ في عَقَارِه جَرَّةً فِيهَا ذَهَبٌ فقالَ لهُ الذي اشْتَرَى الْعَقَارُ: خُذْ ذَهَبَكَ إنَّمَا اشْتَرَيْتُ مِنْكَ الأرْضَ وَلَمْ أشْتَرِ الذَّهَبَ وقالَ الَّذي لَهُ الأرْضُ: إنَّمَا بعْتُكَ الأرضَ وَمَا فِيهَا فَتَحاكَما إلى رَجُلٍ فقالَ الَّذي تَحَاكَمَا إلَيْهِ : أَلَكُمَا وَلَدٌ؟ قَالَ أحدُهُمَا: لي غُلامٌ . وقالَ الآخرُ: لي جَارِيةٌ قالَ أنْكحَا الْغُلامَ الجَاريَةَ وَأنْفِقَا عَلى أنْفُسهمَا مِنْهُ وتصَدَّقَا » متفقٌ عليه .

Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun), rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir:

"“Bir wagtlar bir adam başga birinden ýer satyn alypdyr. Ýeri satyn alan adam şol ýerden bir küýze altyn tapypdyr. Ýeri satyn alan adam, (ýeriň öňki eýesine): “Altynlaryňy al! Sebäbi men senden altyn däl-de, ýer satyn aldym” diýdi. Ýeriň (öňki) eýesi: “Men saňa şol ýeri içindäkileri bilen bile satdym” diýdi.
Olar bu meseläni çözüp bermek üçin bir adama ýüz tutdylar. Ol adam olara: “Siziň çagalaryňyz barmy?” diýip sorady. Olaryň biri: “Meniň oglum bar” diýdi. Beýlekisi bolsa: “Meniň gyzym bar” diýdi. Gyz bilen oglany öýlendiriň, altynlaryň bir bölegini olara harçlaň, bir bölegini bolsa sadaka beriň” diýdi”.
"

Salgylanma:

(Muttafakun aleýhi)