1829

وعنْ رِفَاعَةَ بنِ رافعٍ الزُرقيِّ رضي اللَّه عنْهُ قالَ: جاء جِبْريلُ إلى النبي صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم قالَ: مَا تَعُدُّونَ أهْلَ بَدْرٍ فيكُمْ ؟ قالَ: « مِنْ أفْضَلِ المُسْلِمِين » أوْ كَلِمَةً نَحْوَهَا قالَ: «وَكَذَلكَ مَنْ شَهِدَ بَدْراً مِنَ المَلائِكَةِ » رواه البخاري.

Rifa’a ibn Rafi’ Zurakyden (Allah ondan razy bolsun), rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir:

“Jebraýyl (aleýhissalam) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň ýanyna gelip: “Bedr söweşine gatnaşan adamlary nähili hasaplaýarsyňyz?” diýip sorady. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Musulmanlaryň iň gowusy hasaplaýarys” (ýa-da şuňa meňzeş bir zat) diýdi. Jebraýyl (aleýhissalam): “Bizem Bedr söweşine gatnaşan perişdeleri edil şonuň ýaly hasaplaýarys” diýdi”.

Salgylanma:

(Buhary)