1836

وَعَنْهُ عن النَّبيِّ صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم قَالَ: « بَيْنَ النَّفْخَتَيْنِ أرْبعُونَ» قَالُوا يا أبَا هُريْرةَ أرْبَعُونَ يَوْماً ؟ قَالَ: أبَيْتُ، قالُوا: أرْبعُونَ سَنَةً ؟ قَال: أبَيْتُ. قَالُوا: أرْبَعُونَ شَهْراً؟ قَال: أبَيْتُ «وَيَبْلَى كُلُّ شَيءٍ مِنَ الإنْسَانِ إلاَّ عَجْبَ الذَّنَبِ، فِيهِ يُرَكَّبُ الْخَلْقُ، ثُمَّ يُنَزِّلُ اللَّه مِنَ السَّمَآءِ مَاءً، فَيَنْبُتُونَ كَمَا يَنْبُتُ الْبَقْلُ » متفقٌ عليه.

Ýene-de Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun), rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir:

"“Iki suryň aralygy kyrk bolar”. Sahabalar: “Eý, Ebu Hureýre! Kyrk günmi?” diýip soradyrlar. “Men belli bir zat diýip biljek däl” diýdi. Sahabalar: “Kyrk ýylmy?” diýip soradyrlar. Ol: “Men belli bir zat diýip biljek däl” diýdi. Sahabalar ýene-de: “Kyrk aýmy? diýip soradyrlar. Ol ýene-de: “Men belli bir zat diýip biljek däl” diýdi.
(Soňra ol şeýle diýdi)” “Ajbuz-zänäb”-den (türre süňkinden) başga ynsanyň tutuş bedeni çüýräp ýok bolar. Täzeden ýaradylanda-da şondan başlap ýaradylar. Soňra Allah asmandan suw inderer, adamlar edil otlar ýaly (janlanyp ýerden) çykarlar”.
"

Salgylanma:

(Muttafakun aleýhi)