1858

وَعَنْهَا رضي اللَّه عَنْهَا عَنِ النبي صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم قَالَ: «مَنْ مَاتَ وَعَلَيْهِ صَوْمٌ، صَامَ عَنْهُ وَلِيُّهُ». متفقٌ عَلَيْهِ. وَالمُخْتَارُ جَوَازُ الصَّوْمِ عَمَّنْ مَاتَ وَعَلَيْهِ صَوْمٌ لِهَذَا الْحَدِيثِ، والمُرَادُ بالْوَليِّ: الْقَرِيبُ وَارِثاً كَانَ أوْ غَيْرِ وَارِثٍ.

Ýene-de Aişadan (Allah ondan razy bolsun), rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir:

“Kimdir biri oraza bergisi bilen ölse, welisi onuň ýerine agyz beklär”[1].

Salgylanma:

“(Muttafakun aleýhi) Şeýlelikde bu hadysyň mazmunyna görä, oraza borjy bar bolup ölen adamyň ýerine agyz beklemeklige rugsat berilýär. Weliden maksat bolsa: Ýakyn hossarlary diýmekdir, miras alýan ýa-da almaýan bolsun tapawudy ýokdur. “

bellikler:

[1]Bu hadysdaky oraza bergisi diýmekden maksat, nezir orazasydyr. Parz oraza däldir.