1869

وَعن الأَغَرِّ المُزَنيِّ رضِي اللَّه عنْهُ أَنَّ رسُول اللَّهِ صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم قَالَ: « إِنَّهُ لَيُغَانُ على قَلْبي، وَإِني لأَسْتغْفِرُ اللَّه في الْيوْمِ مِئَةَ مرَّةٍ « رواهُ مُسلِم .

Agarr Muzaniden (Allah ondan razy bolsun), rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir:

“Käwagtlar Meniň hem ýüregimiň başagaý, meşgul bolýan wagtlary bolýar. Ýöne Men bir günde ýüz gezek “Astagfirullah” diýýärin!”[1].

Salgylanma:

(Muslim)

bellikler:

[1]Adatça Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem hemişe Allahy ýatlap, doga-dileg, ybadat edip, başga-da salyh amallar bilen meşgul bolardy. Egerde haýsydyr bir zat bulary etmekden ünsüni sowup meşgul eden bolsa, onda Ol bir günä iş eden ýaly bolup derrew Astagfirulla diýip gaýtalap başlardy. Bu hadysdaky ünsüni sowmak, meşgul bolmak, az wagtlyk bir wagty aňladyp gelýär.