1887

وَعَنْهُ عَن النَّبِيِّ صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم قَالَ : « إنَّ أَهْلَ الْجنَّةِ لَيَتَرَاءُوْنَ أَهْلَ الْغُرَفِ مِنْ فَوْقِهِمْ كَمَا تَتَرَاءَوْنَ الكَوْكَبَ الدُّرَّيَّ الْغَابِرَ في الأُفُقِ مِنَ المشْرِقِ أَوِ المَغْربِ لتَفَاضُلِ ما بَيْنَهُمْ « قَالُوا: يَا رَسُولَ اللَّه، تلْكَ مَنَازلُ الأَنْبِيَاءِ لاَ يبْلُغُهَا غَيْرُهُمْ ؟ قَالَ : « بلَى وَالَّذِي نَفْسِي بِيَدِهِ رجَالٌ أَمَنُوا بِاللَّهِ وصَدَّقُوا المُرْسلِينَ « متفقٌ عليه .

Ýene-de Ebu Sa’yd El-Hudrydan (Allah ondan razy bolsun), rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir:

“Jennetde ýaşaýanlar öz aralaryndaky derejeleriniň tapawutlylygy sebäpli, özlerinden has ýokardaky köşklerde oturanlary, gündogarda ýa-da günbatardaky, uzaklarda ýerleşýän parlak ýyldyzlary görüşleri ýaly görerler. Olar: “Ýa Resulallah! Ol ýer, özlerinden başga hiç kimiň baryp bilmejek ýeri bolan pygamberleriň mesgenimi?” diýip soradylar. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýdi: “Hawa, ýöne janym elinde bolan Allahdan ant içýärin, ol ýerler, Allaha iman getirip, pygamberleri tassyk edenleriň hem mekanydyr”.

Salgylanma:

(Muttafakun aleýhi)