1889

وعنْ أَنَسٍ رضِي اللَّه عنْهُ أَنَّ رَسُولَ اللَّهِ صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم قَالَ: « إِنَّ في الْجنَّةِ سُوقاً يأْتُونَهَا كُلَّ جُمُعةٍ. فتَهُبُّ رِيحُ الشَّمالِ، فَتحثُو في وُجُوهِهِمْ وثِيَابِهِمْ، فَيزْدادُونَ حُسْناً وجَمالاً. فَيَرْجِعُونَ إِلَى أَهْلِيهِمْ وقَدْ ازْدَادُوا حُسْناً وجمالاً، فَيقُولُ لَهُمْ أَهْلُوهُمْ: وَاللَّهِ لَقَدِ ازْدَدْتُمْ حُسْناً وجمالاً ، فَيقُولُونَ: وأَنْتُمْ وَاللَّهِ لَقَدِ ازْددْتُمْ بعْدَنَا حُسناً وَجمالاً» رواهُ مُسلِمٌ.

Enesden (Allah ondan razy bolsun), rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir:

“Elbetde, Jennetde bir bazar bardyr, her juma güni ol ýere bararlar. Olaryň ýüzlerine we egin-eşiklerine demirgazyk şemaly öwser. Şeýlelik bilen olaryň görkleri has hem owadanlaşar. Öňkülerinden has gözel we görmegeý bolup maşgalalarynyň ýanyna gaýdyp gelen wagtlary, maşgalalary olara: “Wallahy, öňküden has gözel bolupsyňyz, owadanlygyňyza owadanlyk goşulypdyr!” diýerler. Olar hem: “Wallahy, biz gidenimizden soň sizem has gözel we owadan bolupsyňyz!” diýerler”.

Salgylanma:

(Muslim)