1891

وَعنْهُ رضِي اللَّه عنْهُ قَال: شَهِدْتُ مِنَ النَّبِيِّ صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم مجْلِساً وَصفَ فِيهِ الْجَنَّةَ حتَّى انْتَهَى ، ثُمَّ قَال في آخِرِ حدِيثِهِ : « فِيهَا ما لاَ عيْنٌ رأَتْ، ولا أُذُنٌ سمِعَتْ، ولاَ خَطَر عَلى قَلْبِ بشَرٍ ثُمَّ قَرأَ { تتجافى جُنُوبُهُمْ عَنِ المضَاجِعِ } إِلى قَوْلِهِ تَعالَى: {فَلاَ تعْلَمُ نَفْسٌ ما أُخْفِيَ لَهُمْ مِنْ قُرَّةِ أَعْينٍ}« .رواهُ البخاري .

Ýene-de Sahl ibn Sa’ddan (Allah ondan razy bolsun), rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir:

"“(Bir gün) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň Jenneti wasp eden bir söhbetdeşligine gatnaşdym. Sözüniň soňunda şeýle diýdi: “Ol ýerde (Jennetde) göz görmedik, gulak eşitmedik, hiç bir ynsanyň aklyna getirip hyýal etmedigi zatlary (nygmatlary) bardyr.” Soňra şu aýaty okady:
“Olaryň bedenleri düşeklerden daşda bolar (köp ýatmazlar, tagat-ybadat bilen bolarlar), öz Perwerdigärine gorky we umyt bilen dileg ederler. Biziň beren rysgalymyzdan (Allah ýolunda) sarp ederler. Hiç kim olaryň eden ýagşy işlerini sylaglamak üçin Jennetde gözleri nurlandyrjak ençeme nygmatlaryň gizlenendigini bilýän däldir.” { Sejde:16 -17 }.
"

Salgylanma:

(Buhary)