"“Men (kakam) Ka’b ibn Mäligiň (Allah ondan razy bolsun) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bilen Tebuk söweşine gatnaşyp bilmedigi hakynda gürrüň berip, şeýle diýenini eşitdim: “Men Tebuk söweşinden başga, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň gatnaşan söweşleriniň hiç birinden galmandym, diňe Bedr söweşinden galypdym. Ýöne Bedr söweşinden galan adamlaryň hiç birini hem ýazgarmaýardylar. Çünki Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem we musulmanlar Bedr söweşinde söweş üçin däl-de, Kureýişleriň söwda kerwenlerini ellerinden almak üçin çykypdylar. Allah Tagala olary habarlary bolmazdan, duýdansyz ýagdaýda duşmanlary bilen bir ýere jemledi. Men Akaba[1] gijesi Yslama ýardam bermek üçin beýgat (äht) edilende Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň ýanyndadym. Hernäçe, Bedr söweşi halk arasynda Akaba gijesinden meşhur bolsa-da, men Bedr söweşine gatnaşmaklygy Akaba gijesinden üstün görmezdim. Meniň Tebuk söweşine Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bilen bilelikde gatnaşmazlygymyň asyl sebäbi şudur:
“Men öň hiç haçan Tebuk söweşinden galan wagtymdaky ýaly kuwwatly we barly (baý) bolmandym. Wallahy, meniň hiç haçan iki sany düýäm bolmandy, emma bu söweşde meniň iki düýäm bardy. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bu söweşe çenli, haýsy bir söweşe gitmekçi bolsa, şol gitjek ýerini aç-açan aýtman, başga bir ýere gitjek ýaly bolup görünerdi. Emma bu söweşiň jokrama yssyda, uzak we heläk ediji ýolçulykda boljakdygy we köp sanly duşman bilen garşylaşjakdygy sebäpli, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem söweşe taýýarlyk görmekleri üçin musulmanlara gitjek ýerini aç-açan habar berdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bilen birlikde söweşe gatnaşjak musulmanlaryň sany şeýle köpdi, hat-da olaryň atlaryny bir kitaba sygdyryp hem boljak däldi.
Ka’b (Allah ondan razy bolsun) sözlerini dowam etdirip, şeýle diýdi: Söweşden galmak isleýänleriň sany örän azdy. Olar hem eger-de özleri hakda Allahdan wahyý geläýmese, munuň bilinmän gizlin galjakdygyny güman ederdiler. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bu söweşe miweleriň bişen wagty, agaçlar saýa berip başlan wagty gidipdi. Bular bolsa meni özüne çekip, maýyl ediji zatlardy. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem we musulmanlar söweşe taýýarlanyp başladylar. Men hem her gün irden olar bilen bilelikde söweşe taýýarlanmak üçin çykardym, emma welin hiç zat etmezden yzyma dolanardym.
Öz-özüme: “Men muny islän wagtym edip bilerin” diýerdim. Her kim çyny bilen taýýarlyk görerdi, men bolsam, öňki halymda dowam etdim. Bir gün irden Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem musulmanlar bilen birlikde ýola düşdiler. Meniň bolsa hiç hili taýýarlygym ýokdy. Men ir bilen ýene-de taýýarlanmak üçin öýden çykdym, ýöne hiç zat etmezden yzyma dolandym. Men şu ýagdaýda dowam edip geldim, adamlar bolsa, eýýäm söweşe tarap howlugyp ýola düşüp gitdiler. Olaryň yzlaryndan ýeteýin diýdim, käşgä şeýle eden bolsadym. Emma men muny hem başarmadym. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem söweşe gidenden soňra, adamlaryň arasyna çykan wagtym, maňa meňzeş adamlaryň diňe, munafyk diýlip tanalýan ýa-da Allahyň uzurly eden, ejiz bendeleriniň arasynda özümi görmekligim meni diýseň gynandyrýardy.
Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem tä Tebuka barýança meni ýatlamandyr. Tebukda adamlaryň içinde otyrka: “Ka’b ibn Mälik näme etdi?” diýip sorapdyr. Şol wagt Benu Selime taýpasyndan bir adam: “Ýa Resulallah! Ony, iki sany owadan dony[2] we iki tarapyna seredip özüne bolan buýsanjy onu Medinede saklap galdy” diýipdir. Şol wagt Mugaz ibn Jebel (Allah ondan razy bolsun) ol adama: “Sen nähili erbet zat aýtdyň!” diýdi. “ Wallahy, ýa Rasulallah! Biz onuň hakynda diňe ýagşylykdan başga hiç zat bilmeýäris” diýdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem gürlemän dymdy. Şol wagt ak reňke bürenip, salgymyň içinde, uzaklardan gelýän bir adamy gördi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “(Bu gelýän) Ebu Haýseme bolaýsady” diýdi. Ine, ol (söweşe ýardam bermek üçin) bir saag[3] hurma sadaka berende munafyklar tarapyndan (Allah seniň beren şu saag hurmaňa mätäçmi diýip) kemsidilen, Ebu Haýseme El-Ensary bolup çykdy. Ka’b sözüni dowam etdirip, şeýle diýdi:
Haçan-da men, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň Tebukdan çykyp, (Medinä) tarap dolanyp gaýdanyny eşidenimde, meni agyr bir gaýgy-hasrat gurşap aldy. Ýalan sözleri toslamaga başladym. Öz-özüme: “Ertir Onuň gazabynyň aşagyndan nädip çykyp bilerin?” diýdim. Ýakyn garyndaşlarymyň her biriniň aýdan pikirlerini diňläp gördüm. Haçan-da, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň gelýändigini aýdanlarynda, kellämdäki ähli ýalan pikirler ýok bolup gitdi. Bu ýol bilen hiç-haçan ondan gutulup bilmejekdigime düşündim we diňe hakykaty aýtmaklygy ýüregime düwdüm. Şeýlelik-de, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ir bilen dolanyp geldi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem adatça sapardan dolanyp gelende ilki bilen mesjide girip, iki rekagat namaz okardy, soňra adamlaryň arasynda oturardy. Bu gezek hem şeýle etdi. Söweşden galan adamlar Onuň ýanyna gelip, näme sebäpden söweşe gitmediklerini ant içip, düşündirip başladylar. Olaryň segsenden gowurak adamdy. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem olaryň açyklap aýdan uzurlaryny we ähtlerini kabul etdi. Allahdan bagyşlanmaklaryny diledi we iç ýüzlerini (ýagny, aýtman goýan syrlaryny) Allah Tagala tabşyrdy.
Soňra men geldim. Oňa salam berdim. Ol gaharly adamyň ýylgyryşy ýaly ýylgyryp: “Gel!” diýdi. Men Onuň ýanyna ýöräp geldim-de, öňüne geçip otyrdym. Ol maňa: “Sen näme üçin söweşden galdyň, müner ýaly düýe-de satyn almadyňmy näme?” diýdi. Men Oňa:
“Ýa Resulallah! Allaha kasam bolsun, eger-de Sizden başga, dünýäde islendik bir adamyň öňünde oturan bolsadym, bahana tapyp onuň gazabyndan gutulup biljekdigime gözüm ýetýär, çünki men muny gowy oňarýaryn. Emma Wallahy, eger-de men bu gün ýalan sözläp, Sizi menden razy bolar ýaly etsem-de, Allah tiz wagtdan Size dogrusyny bildirip, maňa gazap etjegiňizi bilýärin. Eger-de dogrusyny aýtsam, Siziň maňa gaharyňyz geler, ýöne men, dogrusyny aýtmak bilen Allahdan haýyrly bir çykalganyň boljagyny umyt edýärin. Wallahy, meniň hiç bir uzurum (sebäbim) ýokdy. Wallahy, men Sizden galan wagtymdaky ýaly hiç haçan güýçli-kuwwatly we barly-baý bolup görmändim” diýdim. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem:
“Ynha, bu adam dogrusyny aýtdy. Indi git-de, tä özüň hakda Allahyň hökümi gelýänçä garaşyber!” diýdi.
Benu Selime taýpasyndan birnäçe adamlar turup, meniň yzymdan geldiler, olar maňa: “Wallahy, biz seniň mundan öň hiç haçan günä iş edeniňi görmedik. Sen hem beýleki söweşden galan adamlar ýaly bir bahana tapan bolsaň bolmadymy. Günäleriň bagyşlanmagy üçin Allahyň Resuly sallallahu aleýhi wesellemiň saňa etjek birje dilegi ýeterlik bolardy ahyryn!” diýdiler.
Ka’b şeýle diýdi: “Wallahy, olar maňa durmadan şeýle bir gyjalat berdiler welin, hat-da men yzyma dolanyp, Pygamberimiz sallallahu aleýhi weselleme men ýalan sözledim diýesim gelip gitdi”. Soňra men olardan: “Menden başga-da bu ýagdaýa düşen adam barmy?” diýip soradym. Olar: “Hawa, bu ýagdaýa düşen ýene iki adam bar. Olar hem seniň aýdyşyň ýaly aýtdylar we olara-da saňa aýdylyşy ýaly aýdyldy” diýdiler. Men: “Ol iki adam kimler?” diýdim. Olar: “Murara ibn Raby’a El-A’mry we Hiläl ibn Umeýýe El-Wakyfyý diýip, Bedr söweşine gatnaşan, görelde almaga mynasyp bolan, iki sany salyh şahsyýetiň adyny tutdylar. Bu iki adamyň adyny tutanlarynda, men yza dolanmakdan ýüz öwrüp, ýoluma dowam etdim.
Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem adamlara bu söweşe gatnaşmadyklaryň içinden diňe biz üçümiz bilen gürleşmekligi gadagan etdi.
Ka’b sözini şeýle dowam etdi: “Şondan soň adamlar bizden uzakda durdylar (ýa-da olar bize bolan garaýyşlaryny üýtgetdiler). Hat-da meniň gözüme öz ýurdum özüme keseki ýaly bolup göründi, bu ýerler öňki tanan ýerlerim däl ýalydy. Biz elli günläp şu ýagdaýda galdyk. Meniň iki dostum hem aglamakdan başga çäre tapman, öýlerinde boýunlaryny büküp galdylar.
Emma, men olaryň içinde iň ýaşy we iň kuwwatlysy bolandygym sebäpli, öýden çykyp, musulmanlar bilen jemagatly namazlara gatnaşardym, bazarlara-da aýlanardym, ýöne welin hiç kim meniň bilen gürleşmezdi. Namazdan soň Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň mejlisine gelip, Oňa salam bererdim we öz-özüme: “Salamymy almak üçin dodaklaryny gymyldatdymyka ýa gymyldatmadymyka?” diýip sorardym. Soňra men Oňa golaýrak bir ýerde namaz okardym we assyrynlyk bilen, bildirmän Oňa serederdim. Haçan-da men namaza duranymda, Ol maňa serederdi, men Oňa seredenimde bolsa, Ol menden ýüz öwürerdi.
Musulmanlaryň menden ýüz öwürmeleri uzaga çekenligi sebäpli, men dogan-oglanym we iň eziz görýän adamym bolan, Ebu Katadanyň bakjasynyň haýatyndan aşyp, oňa salam berdim. Wallahy, ol meniň salamymy hem almady. Men oňa ýüzlenip: “Eý Ebu Katada, Allahyň haky üçin senden soraýaryn, sen meniň Allahy we Onuň Resulyny nähili söýýändigimi bilýärsiňmi?” diýip soradym. Ol maňa jogap bermedi. Sözümi ýene-de kasam edip gaýtaladym, ol ýene jogap bermedi. Üçünji gezek, Allahyň haky üçin soraýaryn!” diýdim. Ol maňa: “Allah we Onuň Resuly has gowy bilýändir!” diýip jogap berdi. Gözlerimden dolup ýaş akdy. Haýatdan aşyp, yzyma dolandym.
Bir gün Medinäniň bazarynda aýlanyp ýörkäm, azyk önümlerini satmak üçin Medinä gelen, Şamly daýhanlardan biri: “Maňa Ka’b ibn Mäligiň öýüni kim görkezip biljek?” diýdi. Hemme adamlar yşarat edip meni görkezip başladylar. Ol meniň ýanyma gelip, Gassan[4] patyşasynyň hatyny gowşurdy. Men kätipdim, şol sebäpli hem haty dessine açyp okadym. Hatda:
“Salamdan soň, dostuňyzyň[5] sizden ýüz öwürendigini eşitdik. Allah sizi kemsidiljek we gadyryňyz bilinmejek bir ýerde goýmasyn. Derrew biziň ýanymyza gel, biz seni hormat bilen garşylarys!” diýip ýazylypdyr.
Haty okap, bu-da maňa gelen bir bela[6] diýip, ony tamdyra salyp otladym. Elli günüň kyrk güni geçdi, ýöne henizem wahy gelmedi. Bir gün Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň iberen bir ilçisi geldi. Ol maňa:
“ Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem saňa aýalyňdan aýry bolmaklygyňy emr etdi”[7] diýdi. Men: “Ony boşadaýynmy ýa näme edeýin?” diýip soradym. Ol: “Ýok, ýöne oňa ýakynlaşman, daş durjaksyň” diýdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem beýleki iki ýoldaşyma-da edil şonuň emri iberipdir.
Soňra men aýalyma: “Eneň-ataň ýanyna bar-da, bu mesele hakynda Allahyň hökmi gelýänçä, olar bilen bile boluber” diýdim. Hiläl ibn Umeýýäniň aýaly (ýagny, şol üç adamyň biri) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň ýanyna baryp: “Ýa Resulallah! Hiläl ibn Umeýýe gaty garry adam, onuň hyzmat eder ýaly hyzmatçysy hem ýok. Oňa hyzmat etsem ýaman görmersiňizmi? diýip sorady. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Ýok, görmerin, ýöne saňa asla ýakynlaşmasyn!” diýdi. Ol aýal: “Wallahy, onuň hereket etmäne hiç hili mejaly ýok. Allahdan ant içýärin, onuň bu iş başyna geleni bäri, durmadan aglap otyr” diýdi. Ka’b sözüne şeýle dowam etdi:
Ýakyn garyndaşlarymdan biri maňa: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemden aýalyň saňa hyzmat etmegi üçin rugsat sorap gör, Hilal ibn Umeýýäniň aýalyna rugsat beripdirä” diýdi. Men: “Ýok, men muny Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemden sorap biljek däl, men muny Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemden sorasam maňa näme diýjegi belli däl, çünki men heniz ýaş ýigit” diýdim.
Men bu ýagdaýda ýene-de on gün galdym. Şeýlelikde, adamlaryň biziň bilen gürleşmeklerine gadagan edileninden bäri elli gün geçipdi. Ellinji gün diýilende öýlerimiziň biriniň üstünde ertir namazyny okadym. Allah Tagalynyň (Kuranda)[8] biz hakda aýdyşy ýaly, içim gysyp, ýüregim daralyp, ýer ýüzüniň şeýle giňligine garamazdan, meniň üçin dar bolup duran halynda otyrkam, Sel’ dagyna depesinden biriniň bar güýji bilen: “Eý Ka’b ibn Mälik! Saňa buşluk bolsun!” diýip gygyran sesini eşitdim. Bir ýeňilligiň gelendigini bilip, dessine şol bada sejdä gitdim.
Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ertir namazyny okan wagty, Allah Azza we Jelläniň biziň tobamyzy kabul edendigini adamlara yglan edipdir. Adamlar bize tarap buşlamak üçin ylgapdyrlar. Beýleki iki ýoldaşlaryma-da buşlamaga gidipdirler. Bir adam maňa tarap atly çapyp gaýtdy, Eslem taýpasyndan biri maňa tarap ylgap, daga mündi. Onuň sesi atlydan has tiz gelip ýetdi. Sesini eşiden adamym ýanyma gelip meni buşlanda, buşlugyna egnimdäki iki eşigimi-de çykaryp oňa geýdirdim. Wallahy, Allahdan ant içýärin, şol gün mende şolardan başga eşigim ýokdy.
Soňra men karzyna iki sany eşik alyp geýdim-de, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemi görmek üçin ýola düşdüm. Adamlar topar-topar bolup, meniň tobamyň kabul bolmagy mynasybetli gutlaýardylar we “Allahyň seni bagyşlamagy gutly bolsun!” diýýärdiler.
Mesjide giren wagtym Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem adamlaryň arasynda otyrdy. Şol bada Talha ibn Ubeýdullah (Allah ondan razy bolsun) howlugyp ýerinden turup geldi-de, meniň elimden gysyp, meni gutlady.
Wallah, muhajirleriň içinde Talhadan başga hiç kim ýerinden turmady. Ka’b munuň üçin hiç haçan Talhany unutmady. Ka’b sözüni şeýle dowam etdi:
Haçanda men Pygamberimiz sallallahu aleýhi weselleme salam berenimde, Onuň ýüzi şatlykdan ýaňa parlaýardy. Ol maňa: “Eneň seni doguraly bäri geçen günleriň içinde iň haýyrlysy bilen seni gutlaýaryn!” diýdi. Men: “Ýa Resulallah! Siziň tarapyňyzdanmy ýa-da Allahyň tarapyndanmy ?[9]” diýip soradym. Ol: “Ýok, Azyz we Jelil bolan Allah tarapyndandy” diýip jogap berdi.
Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şatlanan wagty, Onuň ýüzi göýä aýyň parçasy ýaly parlardy. Biz muny Onuň ýüzünden bilerdik. Haçanda, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň öňünde oturan wagtym men oňa: “Ýa Resulallah! Tobamyň kabul bolmagynyň şükranasy üçin ähli baýlygymy Allah we Resulynyň ýolunda sadaka bermek isleýärin” diýdim. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Malyňdan bir bölegini özüňde saklap galmagyň, seniň üçin has haýyrly bolardy” diýdi. Men: “Haýbardan düşen paýymy saklap galaryn” diýdim. Soňra ýene-de: “Ýa Resulallah! Elbetde, Allah Tagala meni diňe dogry sözüm üçin halas etdi. Galan ömrümde-de dogry sözlemek meniň tobamdan bolar” [10] diýdim.
Allaha kasam bolsun, Pygamberimiz sallallahu aleýhi weselleme şu sözleri aýdan günümden bäri, Allah Tagalanyň dogry söz üçin meni sylaglaýşy ýaly hiç bir musulmany sylaglalaýşyny bilmeýärin. Wallahi, bu sözleri Pygamberimiz sallallahu aleýhi weselleme aýdan günümden, şu günki güne çenli bilip durup, hiç ýalan sözlemedim. Galan ömrümde-de Allah Tagala meni ýalan sözden gorar diýip umyt edýärin!”. Ka’b sözüni dowam etdirip, şeýle diýdi:
“Allah Tagala soňra şu aýaty indirdi:
“Söweşe gitmek islemeýänlere rugsat berendigi üçin, Allahyň Pygamberi bagyşlaýşy ýaly, Pygambere tabyn bolan muhajirler bilen ensarylaryň söweş wagty ikigöwünli, gowşak hereket etmekleri sebäpli eden tobalaryny hem kabul etdi. Çünki, Ol Mähirlidir, Rehim- şepagatlydyr.
Söweşden yza galan (we özleri barada höküm bermeklik gijä goýulan) ol üç kişiniň) tobalaryny Allah kabul etdi. Çünki, olar şeýle agyr ýagdaýa düşüp, giň dünýä olara dar göründi, wyždanlary hem özlerine azap berdi. Netijede, olar Allahyň jezasyndan halas bolmak üçin Allahyň gapysyndan başga baryljak ýeriň ýoklugyna düşündiler, diňe şondan soň, öňki ýagşy ýagdaýlaryna gaýdyp barsynlar diýip, Allah olaryň tobalaryny kabul etdi. Takyk, Allah tobalary kabul edýändir, Rehim-şepagatlydyr.
Eý, iman getirenler! Allahyň emirlerine garşy gelmekden gorkuň we dürs (dogry) ynsanlar bilen birlikde boluň!”{Toba:117–119} Ka’b şeýle diýdi:
“Wallahy, Allah Tagala meni Yslama hidaýat edenden soňra, maňa beren nygmatlarynyň içinde iň ulusy, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň ýanynda dogry sözlemek we ýalan sözlänler ýaly ýalan sözläp heläk bolup gitmezlikdi” diýdi. Çünki, Allah Tagala ýalan sözlänler hakynda wahyý inderen wagty, hiç kim hakynda aýtmadyk, agyr sözleri aýdyp, şeýle diýdi:
“Söweşden dolanyp, olaryň ýanyna baran wagtyňyz, özlerini bagyşlamagyňyz üçin Allahyň ady bilen kasam ederler. Siz olardan ýüz öwüriň! (Olardan hasap soramaň!) Çünki, olar şeýle murdar kişilerdir (hasap soramak, käýemek bilen olar ýola gelmezler). Edip ýören günäleri sebäpli olaryň mekany dowzah bolar.
Sizi razy etmek üçin Allahyň ady bilen kasam edýärler. Ýöne bilip goýuň, siz olardan razy bolsaňyz-da, (ýoldan çykan) ol pasyklardan Allah hiç haçan razy bolmaz.”{Toba : 95- 96 }
Ka’b şeýle diýdi: “Biz, üçümiziň meselesi, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň kasamlaryny kabul edip, özlerinden äht aldygy we Allahyň bagyşlamgyny diledigi kişileriň bagyşlanmagyndan (elli gün) soňa goýuldy. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem biziň meselämizi tä, Allah Tagalanyň Özi höküm berýänçä yza süýşürdi.
Allah Tagalanyň aýdan: “Söweşden yza galan ol üç kişi ...” aýatyndaky yza galmakdan maksat, söweşden yza galmak däl-de, söweşden galanlaryň kasam edip, ötünç soran wagtlarynda uzurlary kabul edilenlerden aýry tutulyp, biz hakda hökümüň gijä (yza) galmaklygy göz öňüne tutulýar”. "