Enesden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir:
“Men Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň uly (ýaşuly) sahabalarynyň, agşam namazynyň wagty girenden, olaryň sütünlere biri-birlerinden öň barjak bolup howlugandyklaryny görüpdim”.
Ýene-de Enesden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir:
"“Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň döwründe gün ýaşandan soň, agşam namazyndan öň iki rekagat namaz okardyk.
Sahabalaryň biri Enesden: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem hem bu namazy okardymy?” diýip sorady. Enes şeýle jogap berdi: “Ol biziň okanymyzy görerdi, ýöne bize okaň ýa okamaň diýmezdi”.
"
Ýene-de Enesden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir:
“Biz Medinede wagtymyz, azançy agşam namazynyň azanyny aýdanda, sahabalar howlugyp, sütünlere tarap durup iki rekagat namaz okardylar. Mesjide giren bir nätanyş adam, bu iki rekagat namazy okaýanlaryň köplüginden ýaňa agşam namazy okalypdyr öýderdi”.
Zeýd ibn Säbitden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir:
“Eý adamlar! Öýleriňizde namaz okaň! Çünki, parz namazlaryndan galan namazlaryň iň gowusy, öýde okalan namazdyr”.
Salgylanma:
(Muttafakun aleýhi)
1129
وعن ابنِ عُمَرَ رضي اللَّه عنْهُما عَنِ النَّبِيِّ صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم قال: « اجْعَلُوا مِنْ صلاتِكُمْ في بُيُوتِكُمْ، ولا تَتَّخِذُوهِا قُبُوراً « .متفقٌ عليه .
Ibn Omardan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir:
“Namazyňyzyň bir bölegini öýleriňizde okaň! Öýüňizi mazara öwürmäň!”.
Salgylanma:
(Muttafakun aleýhi)
1130
وعَنْ جابرٍ رَضِي اللَّه عَنْهُ قالَ : قَالَ رسولُ اللَّهِ صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم: « إذا قَضَى أَحَدُكُمْ صلاتَهُ في مسْجِدِهِ فَلَيجْعَلْ لِبَيْتهِ نَصِيباً مِنْ صَلاتِهِ فَإنَّ اللَّه جَاعِلٌ في بيْتِهِ مِنْ صلاتِهِ خَيْراً « .رواه مسلم .
Jabirden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir:
“Haýsy biriňiz mesjitde parz namazyny okasa, öýi üçin hem käbir (sünnet we nepil) namazlaryny goýsun, çünki Allah onuň öýünde okan namazy sebäpli, onuň öýüni haýyrly, bereketli eder”.
Salgylanma:
(Muslim)
1131
وَعنْ عُمَر بْنِ عطاءٍ أَنَّ نَافِعَ بْنَ جُبَيْر أَرْسلَهُ إلى السَّائِب ابن أُخْتِ نَمِرٍ يَسْأَلُهُ عَنْ شَيْءٍ رَآهُ مِنْهُ مُعَاوِيةُ في الصَّلاةِ فَقَالَ: نَعمْ صَلَّيْتُ مَعَهُ الجُمُعَةَ في المقصُورَةِ فَلَمَّا سَلَّمَ الإِمامُ قُمتُ في مقَامِي فَصلَّيْتُ فَلَما دَخل أَرْسلَ إِليَّ فقال: لا تَعُدْ لما فعَلتَ: إذا صلَّيْتَ الجُمُعةَ فَلا تَصِلْها حَتى تَتَكَلَّمَ أَوْ تخْرُجَ ، فَإنَّ رسولَ اللَّهِ صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم أَمرَنا بِذلكَ أَنْ لا نُوصِلَ صلاةً بصلاةٍ حتَّى نَتَكَلَّمَ أَوْ نَخْرُجَ. رواه مسلم.
Omar ibn Atadan rowaýat edilmegine görä, Nafi’ ibn Jubeýr, Namiriň aýal doganynyň ogly Saibiň, bir wagtlar Muawiýäniň namaz okaýşynda gören bir meseläni soramak üçin onuň ýanyna Omar ibn Atany iberipdir. Saib hem şeýle diýipdir:
"“Hawa, bir gezek men Mugawiýe bilen bilelikde aýratyn bir otagda juma namazyny okadym. Ymam salam berenden soň ýerimden turup, şol bir duran ýerimde juma namazynyň sünnetini okadym. Mugawiýe öýüne gaýdandan soň maňa habar ugradyp şeýle diýdi:
“Indi gaýdyp şeýle etme! Juma namazyny okanyňdan soň kimdir biri bilen gürleşmezden ýa-da mesjitden çykmazdan öň derrew başga bir namaza başlama. Çünki Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bize (kimdir biri bilen) gürleşmezden ýa-da mesjitden çykmazdan öň bir namazyň yzyndan başga bir namazy goşup okamazlygy emr etdi “.
"
Hezreti Aliden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir:
“Witr namazy parz namazlar ýaly hökmany namaz däldir. Ýöne Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň ýola goýan sünnetinden bolup, Ol şeýle diýdi: “Elbetde Allah täkdir, täkligi hem söýýändir. Eý, Kuran ähli![1] Siz hem witr namazyny okaň!”.
Salgylanma:
(Ebu Dawud we Tirmizi. Ol: Hadys hasan diýipdir)
bellikler:
[1] Kuran okaýanlar, ýatlaýanlar we onuň bilen amal edýänler.
1133
وَعَنْ عَائِشَةَ رضِيَ اللَّه عنْهَا قَالَتْ: مِنْ كُلِّ الليْلِ قَدْ أَوْتَر رسولُ اللَّهِ صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم مِنْ أَوَّلِ اللَّيْلِ، ومن أَوْسَطِهِ، وَمِنْ آخِرِهِ. وَانْتَهى وِتْرُهُ إلى السَّحَرِ. متفقٌ عليه.
Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir:
“Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem gijäniň islendik wagtynda witr namazyny okardy. Gijäniň başynda-da, ortasynda, ahyrynda-da. (Ýassy namazynyň wagtyndan), säher wagtyna çenli dowam ederdi”.
Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä,
Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem, Aişe enemiz Onuň öňünde uzalyp ýatan halynda gije namazyny okar eken. Iň soňunda witr namazyny okajak wagty, Aişany hem oýarardy, ol hem turup witr namazyny okardy”.
Jabirden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir:
“Kim gijäniň ahyrynda turup bilmez öýdüp gorkýan bolsa, gijäniň başynda witr namazyny okasyn. Gijäniň ahyrynda turjagyna ynamy bar bolan adam, witr namazyny gijäniň ahyrynda okasyn. Çünki gijäniň ahyrynda okalýan namaza perişdeler hem şaýat bolýandyrlar we bu has gowusydyr!”.
Salgylanma:
(Muslim)
1139
عنْ أَبي هُريرةَ رَضي اللَّه عنْهُ قال: أوصَاني خَليلي صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم بصِيامِ ثَلاثَةِ أَيَّامٍ مِن كُلِّ شهر وركْعَتي الضُّحَى، وأَنْ أُوتِرَ قَبل أَنْ أَرْقُد « .متفقٌ عليه. والإيتار قبل النوم إنما يُسْتَحَبُّ لمن لا يَثِقُ بالاستيقاظ آخر اللَّيل فإنْ وثق فآخر اللَّيل أفضل.
Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir:
“Halilim (dostum) Resulullah sallallahu aleýhi wesellem maňa her aýda üç gün agyz beklemegi, iki rekagat guşluk namazyny okamagy hem-de ýatmazdan öň witr namazyny okamagy wesýet (maslahat) berdi”.
Salgylanma:
(Muttafakun aleýhi). Ýatmazdan öň witr namazyny okamak, gijäniň ahyrynda turup biljegine ynamy ýok adama mustahapdyr. Ynamy bar bolan adam üçin gijäniň ahyrynda okamak has gowusydyr.
Ebu Zerrden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir:
"“Siziň her biriňiz, bedeniňizdäki her bir bogun üçin günde bir sadaka bermelisiňiz. Her bir “tesbih” (Subhanallah) sadakadyr, her bir “hamd” (Elhamdulilläh) sadakadyr, her bir “tahlil” (Lä ilähe illallah) sadakadyr, her bir “tekbir” (Allahu Akbär) hem sadakadyr. “Emri-magruf” (ýagşylyga ündemek) sadakadyr we “nehiý-muňker” (ýaman işlerden gaýtarmak) hem sadakadyr.
Emma guşluk wagtynda okalan iki rekagat namaz, bu (sadakalaryň) ählisiniň ýerini tutýandyr”.
"