1001

وعن عبدِ اللَّهِ بنِ عَمْرو بن العاصِ رضي اللَّه عَنهما عنِ النبيِّ صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم قال: « يُقَالُ لِصاحبِ الْقُرَآنِ: اقْرأْ وَارْتَقِ وَرَتِّلْ كَما كُنْتَ تُرَتِّلُ في الدُّنْيَا ، فَإنَّ منْزِلَتَكَ عِنْد آخِرِ آيةٍ تَقْرَؤُهَا « .رواه أبو داود، والترْمذي وقال : حديث حسن صحيح .

Abdulla ibn Amr ibn ‘Asdan (Allah ol ikisinden razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir:

“(Kyýamat gününde) Kuran[1] okan adama şeýle diýerler: “Kurany dünýäde tertil[2] bilen okaýşyň ýaly, tertil bilen oka-da ýokaryk gal! Çünki seniň (Jennetdäki) mesgen tutjak ýeriň, iň soňky okajak aýatyňa gabat geler”.

Salgylanma:

(Ebu Dawud we Tirmizi. Ol: Hadys hasan sahyh diýipdir)

bellikler:

“[1] Ýagny, Kurandan ýat tutan adama
[2] Tertil – Kurany tejwid bilen, sözlerini harplaryny dogry çykaryp howlukman okamak.