1036

وعَنْ أَبي هُريْرَةَ رضي اللَّه عنْهُ قَال: قَالَ رَسُولُ اللَّهِ صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم: «إِذا نُودِي بالصَّلاةِ، أَدْبرَ الشيْطَانُ ولهُ ضُرَاطٌ حتَّى لا يسْمع التَّأْذِينَ، فَإِذا قُضِيَ النِّداءُ أَقْبَل، حتَّى إِذا ثُوِّبَ للصَّلاةِ أَدْبَر، حَتَّى إِذا قُضِيَ التَّثْويِبُ أَقْبلَ، حَتَّى يخْطِر بَيْنَ المرْءِ ونَفْسِهِ يقُولُ: اذْكُرْ كَذا، واذكُرْ كذا ¬ لمَا لَمْ يذْكُرْ منْ قَبْلُ ¬ حَتَّى يظَلَّ الرَّجُلُ مَا يدري كَمْ صلَّى « .متفقٌ عليه . « التَّثْوِيبُ« : الإِقَامةُ.

Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir:

“Namaza çagyrylan wagty, şeýtan azan sesini eşitmejek bolup yzyna öwrülip, (syrtyndan) sesli ýel goýbere-goýbere gaçar. Azan aýdylyp gutarandan soň, ýene gaýdyp geler. Namaza kamat aýdylanda, ýene yzyna öwrülip gaçar. Kamat aýdylandan soň, ýene yzyna gaýdyp geler-de, ynsan bilen onuň nefsiniň (kalbynyň) arasyna girip: “Pylan zady ýatla, şuny-muny ýadyňa sal” diýip, namazdan öň adamyň öň kellesine gelmedik zatlary ýatladyp başlar. Şeýdip, ol adam näçe rekagat namaz okandygyny bilmän galar”.

Salgylanma:

(Muttafakun aleýhi)