1042

وَعنْ أَبي هُرَيْرةٍ رضي اللَّه عنْهُ قَال: سمِعْتُ رسُول اللَّهِ صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم يَقُولُ:» أَرأَيْتُمْ لَوْ أَنَّ نَهْراً بِباب أَحَدِكم يغْتَسِلُ مِنْه كُلَّ يَوْمٍ خَمْس مرَّاتٍ، هلْ يبْقى مِنْ دَرَنِهِ شَيءٌ؟» قالُوا: لا يبْقَى مِنْ درنِهِ شَيْء، قَال: «فذلكَ مَثَلُ الصَّلَواتِ الخَمْسِ، يمْحُو اللَّه بهِنَّ الخطَايا ». متفقٌ عليه.

Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol men Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň şeýle diýenini eşitdim diýipdir:

“Hany siz aýdyň, siziň biriňiziň gapyňyzyň öňünden bir ýap geçýän bolsa, olam günde şol ýapda bäş wagtyna suwa düşünse, onuň endamynda kir galarmy?” Sahabalar: “Hiç hili kir galmaz” diýdiler. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Bäş wagt namaz hem edil şolar ýalydyr. Allah Tagala bäş wagt namaz bilen günäleri ýuwup arassalar durar” diýdi.

Salgylanma:

(Muttafakun aleýhi)