1065

وعن أَبي هريرة رضيَ اللَّه عنهُ قال: قال رسولُ اللَّهِ صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم: «صَلاةُ الرَّجُلِ في جَماعةٍ تُضَعَّفُ عَلى صلاتِهِ في بَيْتِهِ وفي سُوقِهِ خمساً وَعِشْرينَ ضِعفًا، وذلكَ أَنَّهُ إِذا تَوَضَّأَ فَأَحْسَنَ الْوُضُوءَ ثُمَّ خَرَجَ إِلى المَسْجِدِ، لا يُخْرِجُه إِلاَّ الصَّلاةُ، لَمْ يَخْطُ خَطْوةً إِلاَّ رُفِعَتْ لَه بهَا دَرَجَةٌ، وَحُطَّتْ عَنْه بهَا خَطِيئَةٌ، فَإِذا صَلى لَمْ تَزَلِ المَلائِكَة تُصَلِّي عَلَيْهِ مَا دَامَ في مُصَلاَّه، مَا لَمْ يُحْدِثْ، تَقُولُ: اللَّهُمَّ صَلِّ عَلَيْهِ، اللَّهُمَّ ارحَمْهُ. وَلا يَزَالُ في صَلاةٍ مَا انْتَظَرَ الصَّلاةَ « .متفقٌ عليه. وهذا لفظ البخاري.

Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir:

“Bir kişiniň jemagat bilen okan namazy, öýünde ýa-da bazarda okan namazyndan ýigrimi bäş esse artykdyr. Munuň şeýle bolmagynyň sebäbi şudur: Eger-de, biri namaz okamak niýeti bilen göwne jaý täret alandan soňra mesjide gitse, her bir äden ädimi üçin bir dereje beýgeler we bir günäsi geçiler. Ol namazyny okap, şol ýerde indiki okaljak namaz wagtyna çenli garaşaýsa, perişdeler oňa: “Allahym! Ony bagyşla. Allahym! Oňa merhemet et” diýip, dowamly doga edip durarlar. Kim namaz okamak üçin näçe wagtlap garaşyp dursa, ony namazyň içinde ýaly hasap ediler”.

Salgylanma:

(Muttafakun aleýhi)