1075

وعن ابنِ عمرَ رضيَ اللَّه عنهما قال: قالَ رسولُ اللَّه صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم: «بُنِيَ الإِسَلامُ على خَمْسٍ: شَهادَةِ أَنْ لا إِلهَ إِلاَّ اللَّه، وأَنَّ مُحمداً رسولُ اللَّهِ، وإِقامِ الصَّلاةِ، وَإِيتاءِ الزَّكاةِ، وَحَجِّ البَيْتِ، وَصَوْمِ رَمضانَ» متفقٌ عليه.

Ibn Omardan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir:

“Yslam dini bäş zadyň üstüne bina edilendir: “Lä ilähä illallah, Muhammädur- rasulullah” (Allahdan başga ybadat edere hakly hiç hili hudaý ýok, Muhammed hem Onuň ilçisidir) – diýip şaýatlyk etmek, namaz okamak, zekat bermek, haj etmek we Remezan aýynyň orazasyny tutmakdyr”.

Salgylanma:

(Muttafakun aleýhi)