1097

عنْ أُمِّ المؤمِنِينَ أُمِّ حبِيبَةَ رَمْلةَ بِنتِ أَبي سُفيانَ رضيَ اللَّه عنهما قَالتْ: سَمِعْتُ رسولَ اللَّه صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم يقولُ:» مَا مِنْ عبْدٍ مُسْلِم يُصَلِّي للَّهِ تَعَالى كُلَّ يَوْمٍ ثِنْتَيْ عشْرةَ رَكْعَةً تَطوعاً غَيْرَ الفرِيضَةِ، إِلاَّ بَنَى اللَّه لهُ بَيْتاً في الجَنَّةِ أَوْ إِلاَّ بُنِي لَهُ بيتٌ في الجنَّةِ» .رواه مسلم.

Mu’minleriň enesi Ummu Habibe Ramle bint Ebu Sufýandan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol men Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň şeýle diýenini eşitdim diýipdir:

“Haýsy bir musulman, her gün Allah Tagalanyň razylygy üçin parz namazlardan başga on iki rekagat sünnet namazyny[1] okasa, Allah oňa Jennetde bir köşk gurar (ýa-da Jennetde onuň üçin bir köşk gurular)”.

Salgylanma:

(Muslim)

bellikler:

[1] On iki rekagat namazdan maksat bäş wagt parz namazlaryndan öň we soň okalýan sünnet namazlarydyr.