1136

وعن عائشةَ رضيَ اللَّه عَنْهَا أَنَّ النَّبِيَّ صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم كانَ يُصلِّي صَلاتَهُ بِاللَّيْلِ وهِي مُعْتَرِضَةٌ بينَ يَدَيهِ، فَإذا بقِيَ الوِتْرُ، أَيقظها فَأَوْترتْ. رواه مسلم.

Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä,

Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem, Aişe enemiz Onuň öňünde uzalyp ýatan halynda gije namazyny okar eken. Iň soňunda witr namazyny okajak wagty, Aişany hem oýarardy, ol hem turup witr namazyny okardy”.


Onuň başga bir rowaýatynda şeýle gelýär:

“...witr namazyny okajak wagty: “Aişe tur! Witriňi oka!” diýerdi”.

Salgylanma:

(Muslim)