1140

وعَنْ أَبي ذَر رَضِي اللَّه عَنْهُ عن النبيِّ صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم قال: « يُصبِحُ عَلى كُلِّ سُلامَى مِنْ أَحدِكُمْ صدقَةٌ: فَكُلُّ تَسبِيحة صدَقةٌ وكل تحميدة صدقة وكُل تَهليلَةٍ صدَقَةٌ وَكُلُّ تكبيرة صدَقةٌ وأَمر بالمعْروفِ صدقَةٌ ونهيٌ عنِ المُنْكَرِ صدقَةٌ، ويُجْزِئ مِن ذلكَ ركْعتَانِ يركَعُهُما مِنَ الضحى « .رواه مسلم .

Ebu Zerrden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir:

"“Siziň her biriňiz, bedeniňizdäki her bir bogun üçin günde bir sadaka bermelisiňiz. Her bir “tesbih” (Subhanallah) sadakadyr, her bir “hamd” (Elhamdulilläh) sadakadyr, her bir “tahlil” (Lä ilähe illallah) sadakadyr, her bir “tekbir” (Allahu Akbär) hem sadakadyr. “Emri-magruf” (ýagşylyga ündemek) sadakadyr we “nehiý-muňker” (ýaman işlerden gaýtarmak) hem sadakadyr.
Emma guşluk wagtynda okalan iki rekagat namaz, bu (sadakalaryň) ählisiniň ýerini tutýandyr”.
"

Salgylanma:

(Muslim)