1148

وَعَنْهُ قَالَ: قال رَسُولُ اللَّهِ صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم: « مَنْ تَوَضَّأَ فأَحْسَنَ الوُضُوءَ ثُمَّ أَتى الجُمُعَةَ، فاسْتَمَعَ وَأَنْصتَ، غُفِرَ لَهُ ما بَيْنَه وَبَيْنَ الجُمُعَةِ وزِيَادة ثَلاثَةِ أَيَّامٍ، وَمَنْ مَسَّ الحَصَى، فَقَدْ لَغَا » .رواه مسلم .

Ýene-de Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir:

“Bir adam gowy edip täret alsa, soňra juma namazyna gitse we gürlemän, dykgat bilen hutbany diňlese, iki juma arasy we goşmaça ýene üç günlik günäleri geçiler[1]. Kimde-kim ownuk daşlary[2] çöpläp, (hutba üns bermese), wagtyny boş işler bilen geçirdigi bolar”.

Salgylanma:

(Muslim)

bellikler:

” [1] ýagny, on günüň içinde eden kiçi günäleri geçiler
[2] Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň mesjidinde ownuk daşlar köp bolardy. Juma namazynyň hutbasy okalan wagty diňlemän daş çöpläp geçiren adam Juma namazynyň sogabyny alyp bilmez, diýildigidir.