1190

وعن ابنِ عُمر رضِيَ اللَّه عَنهما أَنَّ رِجَالاً مِنْ أَصْحَابِ النَّبِيِّ صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم أُرُوا ليْلَةَ القَدْرِ في المنَامِ في السَّبْعِ الأَواخِرِ فَقال رسُولُ اللَّهِ صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم: « أَرى رُؤيَاكُمْ قَدْ تَواطَأَتْ في السَّبْعِ الأَوَاخِرِ فَمَنْ كَانَ مُتحَرِّيهَا فَلْيَتَحرَّهَآ في السبْعِ الأَواخِرِ» . متُفقٌ عليهِ.

Ibn Omardan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň sahabalaryndan bir topar adam düýşlerinde Gadyr gijesiniň Remezanyň soňky ýedi gijesinde bolýandygyny göripdirler (we muny Pygamberimiz sallallahu aleýhi weselleme habar berdiler). Şonda Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýdi:

“Gadyr gijesi bilen baglanyşykly gören düýşleriňiziň, Remezan aýynyň soňky ýedi gijesine gabat gelýändigini görýärin. Şonuň üçin hem şol gijäni gözleýän adam, ony Remezanyň soňky ýedi gijesinde gözlesin”.

Salgylanma:

(Muttafakun aleýhi)