1207

وعن طَلْحَةَ بنِ عُبيْدِ اللَّهِ رَضِي اللَّه عنْهُ قالَ: جَاءَ رجُلٌ إِلى رسُولِ اللَّهِ صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم مِنْ أَهْلِ نَجْدٍ ثَائِرُ الرَّأْسِ نَسَمْعُ دَوِيَّ صَوْتِهِ ولا نَفْقَهُ ما يقُولُ حَتى دَنَا مِنْ رَسُولِ اللَّهِ صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم فإِذا هُوَ يَسْأَلُ عَنِ الإِسْلامِ فَقَالَ رَسُولُ اللَّهِ صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم: « خَمْسُ صَلَواتٍ في اليوْمِ واللَّيْلَةِ » قالَ: هَلْ عَلَيَّ غَيْرُهُنَّ؟ قَالَ: «لا ، إِلاَّ أَنْ تَطَّوَّعَ » فَقَالَ رَسُولُ اللَّه صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم: « وصِيَامُ شَهْرِ رَمضَانَ » قَالَ: هَلْ عَلَيَّ غيْرُهْ؟ قَالَ: «لا، إِلاَّ أَنْ تَطَّوَّعَ » قَالَ: وَذَكَرَ لَهُ رَسُولُ اللَّهِ صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم الزَّكَاةَ فَقَالَ: هَلْ عَلَيَّ غَيْرُهَا؟ قَالَ: « لا، إلاَّ أَنْ تَطَّوَّعَ » فَأَدْبَر الرَّجُلُ وهُوَ يَقُولُ: واللَّهِ لا أَزيدُ عَلى هذا وَلا أَنْقُصُ مِنْهُ. فَقَالَ رَسُولُ اللَّهِ صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم: «أَفْلَحَ إِنْ صَدَقَ » . مُتفقٌ عليهِ.

Talha ibn ‘Ubaýdulladan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä,ol şeýle diýipdir:

"“(Bir gün) Nejd şäherinden saçlary bulam-bujar bolup duran bir adam Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň ýanyna geldi. Onuň gaty sesini eşitdik, ýöne biz ol adamyň tä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň ýanyna gelýänçä, näme diýýänine düşünip bilmedik. Görüp otursak, ol adam Yslam dini hakynda soraýan eken. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem oňa şeýle diýdi: “Yslam – bu bir gije-gündiziň dowamynda bäş wagt namaz okamakdyr”.
Ol “Şolardan başga okamaly (namaz) barmy?” diýip sorady. (Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem) “Ýok, ýöne nepil (meýletin) namazlaryny okap bilersiň” diýdi.
Soňra Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ýene-de: “(Yslam) Remezan aýynda agyz bekemekdir” diýdi.
Ol “Şondan başga tutmaly oraza barmy?” diýip sorady. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem “Ýok, ýöne nepil orazalaryny tutup bilersiň” diýdi.
Soňra Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem oňa zekat bermelidigini hem aýtdy. Ol “Başga bermeli zadym barmy?” diýip sorady. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem “Ýok, ýöne goşmaça (nepil sadaka) berip bilersiň” diýdi.
Şondan soň ol adam “Allaha kasam bolsun, men mundan hiç zat artdyrmaryn we hiç zady hem kemeltmerin” diýip, öwrülip çykyp gitdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bolsa oňa “Eger bu adam sözünde durup bilse, halas bolar” diýdi.
"

Salgylanma:

(Muttafakun aleýhi)