1210

وَعَنْ أَبي هُريرةَ رَضِي اللَّه عَنْهُ قالَ: لمَّا تُوُفي رَسُولُ اللَّهِ صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم وَكانَ أَبُو بَكْر رَضِي اللَّه عَنْهُ وَكَفَرَ مَنْ كَفَرَ مِنَ العربِ فَقَالَ عُمرُ رَضيَ اللَّه عَنْهُ: كيفَ تُقَاتِلُ النَّاسَ وَقدْ قَالَ رسُولُ اللَّهِ صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم: « أُمِرتُ أَنْ أُقاتِل النَّاسَ حتَّى يَقُولُوا لا إِلهَ إِلاَّ اللَّه فَمَنْ قَالهَا فقَدْ عَصَمَ مِني مَالَهُ وَنَفْسَهُ إِلاَّ بِحَقِّه وَحِسَابُهُ عَلى اللَّهِ؟ « فَقَالَ أَبُو بَكْرٍ: واللَّهِ لأُقَاتِلَنَّ مَنْ فَرَّقَ بَيْنَ الصَّلاةِ والزَّكاةِ فإِن الزَّكَاةَ حَقُّ المَالِ واللَّهِ لَو مَنعُوني عِقَالاً كانَوا يُؤَدونَهُ إِلى رَسُولِ اللَّهِ صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم لَقَاتَلْتُهُمْ على منعِهِ قَالَ عُمرُ رَضِيَ اللَّه عَنْهُ: فَوَاللَّهِ مَا هُو إِلاَّ أَن رَأَيْتُ اللَّه قَدْ شَرَحَ صَدْرَ أَبي بَكْرٍ للقِتَالِ، فَعَرفْتُ أَنَّهُ الحَقُّ. مُتفقٌ عليه .

Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir:

"“Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem (dünýäden gaýdyp) wepat bolandan soň, Ebu Bekr (Allah ondan razy bolsun) Onuň ýerine (halyf) boldy. Käbir araplar (zekat bermejek bolup) dinden dänip, kapyr boldular. Ebu Bekr olara garşy söweş yglan etdi. Omar (Allah ondan razy bolsun) oňa: “Bu adamlar bilen nädip söweş etjek? Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Men adamlar bilen tä, “Lä ilähä illallah” diýýänçäler olar bilen söweşmeklige emr edildim. Kim ony aýtsa, Yslamyň hak-hukugyna görä jeza bermeli bolýan bir işi etmedikleriçe, malyny we janyny Menden halas etdikleri bolar. Hakyky (ýagny, ýüreklerindäki gizlin eden amallarynyň) hasabyny soramak bolsa, Allah Tagalanyň Özüne degişlidir” diýip aýtdy ahyryn” diýdi.
Ebu Bekr oňa şeýle diýdi: “Allahdan ant içýärin, men namaz bilen zekady biri-birinden aýyrýanlara garşy hökman söweş ederin. Çünki zekat, maldan (baýlykdan) alynýan hakdyr.
Allahdan ant içýärin, (öz wagtynda) Pygamberimiz sallallahu aleýhi weselleme berip, indi bolsa, maňa bermekden ýüz öwürýän zatlary, düýäniň ýüpi ýaly (ujypsyzja) bir zat hem bolsa, hut şol zat üçin hem olar bilen söweşerin.
(Şondan soň) Omar (Allah ondan razy bolsun) şeýle diýdi: “Allahdan ant içýärin, olaryň garşysyna söweşmeklik kararyny Ebu Bekriň kalbyna hut Allahyň Özüniň aýdyň edendigine göz ýetirdim we bu (kararyň) dogry berilendigine düşündim”.
"

Salgylanma:

(Muttafakun aleýhi)