1216

وعنهُ أَنَّ رسولَ اللَّهِ صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم قالَ: « مَنْ أَنْفَقَ زَوْجَين في سَبِيلِ اللَّهِ نُودِيَ مِنْ أَبْواب الجَنَّةِ: يَا عَبْدَ اللَّهِ هذا خَيْرٌ فَمَنْ كَان مِنْ أَهْلِ الصَلاةِ دُعِي منْ باب الصَّلاةِ ومَنْ كانَ مِنْ أَهْلِ الجِهَادِ دُعِي مِنْ باب الجِهَادِ ومَنْ كَانَ مِنْ أَهْل الصِّيامِ دُعِيَ مِنْ باب الرَّيَّانِ ومنْ كَانَ مِنْ أَهْل الصَّدقَة دُعِي مِنْ باب الصَّدقَةِ » قال أبو بكرٍ رَضِيَ اللَّه عَنْهُ : بأَبي أَنت وأُمِّي يا رسولَ اللَّه ما عَلى مَنْ دُعِي مِنْ تِلكَ الأَبْوابِ مِنْ ضَرُورةٍ فهلْ يُدْعى أَحدٌ مِنْ تلك الأَبْوابِ كلِّها؟ قال: « نَعَم وَأَرْجُو أَنْ تكُونَ مِنهم » متفقٌ عليه.

Ýene-de Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir:

"“Allah ýolunda jübüt sadaka beren adamy (ýagny iki sany zady sadaka beren adamy), Jennetiň gapylarynyň (her birinden): “Eý, Allahyň guly! Haýyr we bereket bu ýerde bardyr!” diýip çagyrarlar.
Namaz okaýanlar namaz gapysyndan, mujahidler jihäd gapysyndan, agyz bekleýänler bolsa, “Ar-Raýýan” gapysyndan çagyrylar. Sadaka berenleri, sadaka gapysyndan çagyrylarlar”.
Ebu Bekr (Allah ondan razy bolsun): “Enem-atam Saňa gurban bolsun, ýa Resulallah! Bu gapylaryň birinden çagyrylan adamyň beýleki gapylardan çagyrylmagyna zerurlyk ýokdur, ýöne bu gapylaryň hemmesinden (bir wagtda) çagyryljak adam bolarmyka?” diýip sorady. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Hawa, senem şolardan biri bolarsyň diýip umydym bar” diýdi”.
"

Salgylanma:

(Muttafakun aleýhi)