1217

وعن سهلِ بنِ سعدٍ رضي اللَّه عنهُ عن النَّبِيِّ صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم قال: « إِنَّ فِي الجَنَّة باباً يُقَالُ لَهُ: الرَّيَّانُ يدْخُلُ مِنْهُ الصَّائمونَ يومَ القِيامةِ لا يدخلُ مِنْه أَحدٌ غَيرهُم. يقالُ: أَينَ الصَّائمُونَ؟ فَيقومونَ لا يدخلُ مِنهُ أَحَدٌ غيرهم فإِذا دَخَلوا أُغلِقَ فَلَم يدخلْ مِنْهُ أَحَدٌ» .متفقٌ عليه.

Sahl ibn Sa’ddan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir:

“Jennetde “Ar-Raýýan” atly bir gapy bardyr. Kyýamat güni şol gapydan diňe oraza tutanlar girer. Olardan başga hiç kim şol gapydan girip bilmez. “Oraza tutanlar nirede?!” diýip ses eşidiler, olar hem ýerlerinden turup gapa tarap bararlar. Şol gapydan olardan başga hiç kim girip bilmez. Olar girenden soň gapy ýapylar, başga hiç kim şol gapydan girip bilmez”.

Salgylanma:

(Muttafakun aleýhi)