1222

وعن ابنِ عباسٍ رضِيَ اللهُ عَنْهُمَا قالَ: كَانَ رَسُولُ اللهِ صَلَّى اللهُ عَلَيْهِ وَسَلَّم أَجْوَدَ النَّاسِ وَكَانَ أَجْوَدُ مَا يَكُونُ في رَمَضَانَ حِينَ يَلْقَاهُ جِبْرِيلُ وَكَانَ جِبْرِيلُ يَلْقَاهُ في كُلِّ لَيْلَةٍ مِنْ رَمَضَانَ فَيُدَارِسُهُ القُرْآنَ فَلَرَسُولُ اللهِ صَلَّى اللهُ عَلَيْهِ وَسَلَّم حِينَ يَلْقَاهُ جِبْرِيلُ أَجْوَدُ بِالخَيْرِ مِنَ الرِّيحِ المُرْسَلَةِ » .متفقٌ عليه.

Ibn Abbasdan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir:

“Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem juda jomart, sahy adamdy. Onuň has jomart bolýan wagty Remezan aýynda Jebraýyl (aleýhissalam) bilen duşuşýan wagtlarydy. Jebraýyl (aleýhissalam) Remezan aýynyň her gijesi Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bilen duşup, oňa Kuran okap öwrederdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Jebraýyl (aleýhissalam) bilen duşuşan wagty, haýyr zatlara bolan jomartlygy erkin öwüsýän şemaldan hem beter güýçlüdi”.

Salgylanma:

(Muttafakun aleýhi)