1225

وعن ابنِ عباسٍ رضيَ اللَّه عنهما قال: قالَ رسولُ اللَّهِ صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم: « لا تَصُومُوا قَبْلَ رَمَضَانَ. صُومُوا لِرُؤْيتِهِ وَأَفْطِرُوا لِرُؤْيَتِهِ فَإِنْ حالَتْ دُونَهُ غَيَايةٌ فأَكْمِلوا ثَلاثِينَ يوماً « رواه الترمذي وقال: حديث حسنٌ صحيحٌ. « الغَيايَة « بالغين المعجمة وبالياءِ المثناةِ من تحت المكررةِ وهِي : السَّحَابةُ.

Ibn Abbasdan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir:

“Remezandan öň agyz beklemäň. (Remezan aýyny) görüp, oraza tutuň we (Şewwal-Baýram aýyny) görüp hem agzyňyzy açyň. Aýy görmäge bulut päsgel beren ýagdaýynda bolsa, otuz güne tamamlaň!”.

Salgylanma:

(Tirmizi. Ol: Hadys hasan sahyh – diýipdir)