1231

وَعَنِ ابنِ عُمَرَ رَضيَ اللَّه عَنْهُمَا قالَ: كانَ لرسول اللَّه صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم مُؤَذِّنَانِ: بلالٌ وَابْنُ أُمِّ مَكْتُومٍ. فَقَالَ رسولُ اللَّهِ صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم: « إِنَّ بلالاً يُؤَذِّنُ بِلَيْلٍ فَكُلُوا وَاشْرَبُوا حتَّى يُؤَذِّنَ ابْنُ أُمِّ مَكْتُومٍ » قَالَ: وَلَمْ يَكُنْ بَيْنَهُمَا إِلاَّ أَنْ يَنْزِلَ هذا وَيَرْقَى هذا. متفقٌ عليه.

Ibn Omardan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir:

"“Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň iki sany azançysy bardy; Bilal we Ibn Ummu Maktum. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Bilal azany gije aýdar, (ýöne) siz tä Ibn Ummu Mektum azan aýdýança arkaýyn iýip-içiberiň!”[1] diýdi.
Ibn Omar şeýle diýdi: “Bu ikisiniň arasyndaky wagt, biri (azan aýdylýan ýerden) düşüp, beýlekisi bolsa oňa münýänçä geçen aralykdaky wagtdan ybaratdy”.
"

Salgylanma:

(Muttafakun aleýhi)

bellikler:

[1]Selälik wagty diýdigidir.