1282

"وَعنِ ابنِ عبَّاسٍ رضي اللَّه عَنْهُمَا أَنَّ النبي صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم لَقِيَ رَكْباً بِالرَّوْحَاءِ فَقَالَ: « منِ القَوْمُ؟» قَالُوا: المسلِمُونَ. قَالُوا: منْ أَنتَ؟ قَالَ: « رسولُ اللَّهِ« فَرَفَعَتِ امْرَأَةٌ صَبِياً فَقَالتْ ألهَذا حجٌّ؟ قَالَ: « نَعَمْ ولكِ أَجرٌ».
رواهُ مُسلمٌ.
"

Ibn Abbasdan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä,

"Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem “Rawha” diýilen ýerde bir kerwene gabat geldi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem olardan: “Siz kim?” diýip sorady. Olar: “Biz musulmanlar, sen kim?” diýdiler. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem olara: “Men Allahyň Resuly” diýdi.
Içlerinden bir aýal kiçijik bir çagany ýokary galdyryp: “Bu-da haj etse bolarmy?” diýip sorady. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Hawa, onuň üçin saňa-da sogap bolar” diýdi.
"

Salgylanma:

(Muslim)