1289

وَعَنْ أبي سَعيدٍ الخُدْريِّ رضي اللَّه عنهُ قال: أَتى رَجُلٌ رسُول اللَّهِ صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم فَقَالَ: أَيُّ النَّاسِ أَفْضلُ؟ قَال: « مُؤْمِنٌ يُجَاهِدُ بِنَفْسِهِ ومالِهِ في سبِيلِ اللَّهِ » قال: ثُمَّ مَنْ ؟ قَالَ: « مُؤْمِنٌ في شِعْبٍ مِنَ الشِّعابِ يعْبُدُ اللَّه ويَدَعُ النَّاسَ مِنْ شَرِّهِ» . متفقٌ عليهِ.

Ebu Sa’yd El-Hudrydan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir:

“Bir adam Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň ýanyna gelip: “Adamlaryň içinde iň gowy adam kim?” diýip sorady. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Janyny we mal-mülküni Allahyň ýolunda gaýgyrman söweşen mu’min adamdyr” diýdi. “Ondan soň kim?” diýip sorady. “(Adamlaryň pitnelerinden gaçyp) dag jülgeleriniň birinde Robbuna ybadat edip, hiç kime-de zyýan bermedik mu’min adamdyr” diýip jogap berdi”.

Salgylanma:

(Muttafakun aleýhi)