1292

وعَنْ فضَالةَ بن عُبيد رَضيَ اللَّه عنْهُ أَنَّ رسُولَ اللَّهِ صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم قَالَ: « كُلُّ مَيِّتٍ يُخْتَمُ على عَملِهِ إلاَّ المُرابِطَ في سَبيلِ اللَّهِ فَإنَّهُ يُنَمَّى لهُ عَمَلُهُ إلى يوْمِ القِيامَةِ ويُؤمَّنُ فِتْنةِ القَبرِ». رواه أبو داودَ والترمذيُّ وقَالَ: حديثٌ حسنٌ صحيحٌ .

Fadala ibn ‘Ubaýddan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir:

“Allah ýolunda serhedi goran adamdan başga her bir ölen adamyň amal kitaby ýapylar. Onuň eden amalynyň sogaby bolsa, Kyýamata gününe çenli köpeler gider we ol gabyrdaky synaglardan (soraglaryndan) aman galar”.

Salgylanma:

(Ebu Dawud weTirmizi. Ol: Hadys hasan sahyh diýipdir)