1345

وعنْ أبي أُمامَةَ رضي اللَّه عنْهُ أنَّ رَجُلاً قالَ: يا رسولَ اللَّه ائذَن لي في السِّياحةِ . فَقالَ النبي صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم: « إنَّ سِياحةَ أمَّتي الجِهادُ في سبيلِ اللَّهِ عَزَّ وجلَّ » . رواهُ أبو داود بإسناد جيِّد .

Ebu Umamadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, bir adam Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemden:

“Ýa Resulallah! Maňa syýahata çykmaga rugsat bersene” diýdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem oňa şeýle diýdi: “Elbetde, Meniň ymmatymyň syýahaty, Gudraty güýçli, Beýik Allahyň ýolunda jihäde çykmagydyr”.

Salgylanma:

(Ebu Dawud, jeýýid (gowy) isnad bilen rowaýat etdi)