1378

وعَنْ أبي مُوسى رضي اللَّه عنْهُ قال: قَالَ النبي صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم: « مَثَلُ مَا بعثَنِي اللَّه بِهِ مِنَ الهُدى والْعِلْمِ كَمَثَل غَيْثٍ أصاب أرْضاً فَكَانَتْ مِنْهَا طَائفَةٌ طَيِّبَةٌ قَبِلَتِ المَاءَ فَأَنْبَتَتِ الْكَلأَ وَالْعُشْب الْكَثِيرَ وَكَانَ مِنْهَا أجَادِبُ أمسَكَتِ المَاءَ فَنَفَعَ اللَّه بِهَا النَّاسَ فَشَرِبُوا مِنْهَا وَسَقَوْا وزَرَعُوا وأَصَاب طَائفَةً مِنْهَا أُخْرى إنَّما هِي قِيعانٌ لا تمْسِكُ مَاءً وتُنْبِتُ كَلأً فَذلكَ مثَلُ منْ فَقُهَ في دِينِ اللَّهِ وَنَفَعَهُ ما بَعَثَنِي اللَّه بِهِ فَعلِمَ وَعلَّمَ وَمَثَلُ منْ لَمْ يَرْفَعْ بِذلكَ رأساً وَلَمْ يَقْبَلْ هُدَى اللَّهِ الَّذي أُرْسِلْتُ بِهِ « .متفقٌ عليه.

1378. Ebu Musadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir:

"“Allahyň meniň bilen iberen hidaýaty[1] we ylmy, ýeriň ýüzüne ýagan bol ýagmyra meňzär;
Ýagmyryň ýagan bir bölegi berimli mes toprak bolup, suwy özüne çeker we ol ýeriň üstünden bol-bol otlar, ösümlikler gögerer.
Bir bölegi bolsa gaty ýer bolup, suwy siňdirmän saklap durar. Allah ol ýeriň suwundan adamlary peýdalandyrar. Adamlar ondan içerler, mallaryny suwararlar we ekin ekerler.
Ýagmyryň ýagan ýeriniň ýene bir bölegi bolsa, takyr ýerdir. Ol ýer, ne suwy saklar, ne-de onuň üstünde ot gögerer.
Ynha, bu Allahyň dinine düşünip, Allahyň meniň bilen iberen hidaýatyndan we ylmyndan peýdalanyp, ony hem öwrenip hem-de başgalara-da öwreden adamyň mysaly bilen oňa gulak asman, kellesini hem galdyrman, meniň bilen iberilen hidaýaty kabul etmedik adamyň mysalyna meňzär”. "

Salgylanma:

(Muttafakun aleýhi)

bellikler:

[1] Dogry ýoly