1390

وعن أبي هُريرةَ رضي اللَّه عنْهُ قال: قال رسُولُ اللَّه صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم: « منْ سُئِل عنْ عِلمٍ فَكَتَمَهُ أُلجِم يَومَ القِيامةِ بِلِجامٍ مِنْ نَارٍ ». رواهُ أبو داود والترمذي ، وقال : حديثٌ حسنٌ .

Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir:

“Bir kişi (din) alymyndan özüne gerekli bolan bir ylmy soranda, alym dogrusyny aýtman ýaşyrsa, ol alym Kyýamat gününde otdan bolan jylaw bilen jylawlanyp (jezalandyrylar)”.

Salgylanma:

(Ebu Dawud we Tirmizi. Ol hadys hasan – diýipdir)