1392

وعنْ عبدِ اللَّه بن عمرو بن العاص رضي اللَّه عَنهُما قال: سمِعتُ رسولَ اللَّه صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم يقول: « إنَّ اللَّه لا يقْبِض العِلْم انْتِزَاعاً ينْتزِعُهُ مِنَ النَّاسِ ولكِنْ يقْبِضُ العِلْمَ بِقَبْضِ العُلَماءِ حتَّى إذا لمْ يُبْقِ عالماً اتَّخَذَ النَّاسُ رُؤوساً جُهَّالاً فَسئِلُوا فأفْتَوْا بغَيْرِ علمٍ فَضَلُّوا وأَضَلُّوا » .متفقٌ عليه .

Abdulla ibn ‘Amr ibn ‘Asdan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol men Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň şeýle diýenini eşitdim diýipdir:

“Allah ylmy adamlardan (ýatlaryndan, beýnilerinden) aýyrmak bilen däl-de, alym adamlary (öldürip) ortadan aýyrmak bilen, ylmy alar. Netijede, ortada hiç bir alym goýmaz. Adamlar nadan (ylymsyz) adamlary özlerine ýolbaşçy ederler. Olardan käbir soraglar soralanda, ylymsyz jogap (petwa) bererler. Şeýlelikde, hem özlerini, hem-de başgalaryny azaşdyrarlar”.

Salgylanma:

(Muttafakun aleýhi)