1410

وعنهُ أنَّ رسُولَ اللَّه صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم قالَ: « منْ قال لا إله إلاَّ اللَّه وَحْدَهُ لا شرِيكَ لَهُ لهُ المُلكُ وَلهُ الحَمْدُ وَهُوَ عَلى كُلِّ شَيءٍ قَدِيرٌ في يومٍ مِائةَ مَرَّةٍ كانَتْ لَهُ عَدْل عَشر رقَابٍ وكُتِبَتْ لَهُ مِائَةُ حَسَنةٍ وَمُحِيت عنهُ مِائة سيِّئَةٍ وكانت له حِرزاً مِنَ الشَّيطَانِ يومَهُ ذلكَ حتى يُمسِي ولم يأْتِ أَحدٌ بِأَفضَل مِمَّا جاءَ بِهِ إلاَّ رجُلٌ عَمِلَ أَكثَر مِنه» وقالَ: «من قالَ سُبْحَانَ اللَّهِ وَبحمْدِهِ في يوْم مِائَةَ مَرَّةٍ حُطَّتْ خَطَاياهُ وإنْ كَانَتْ مِثْلَ زَبَدِ البَحْر» .متفقٌ عليهِ.

Ýene-de Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir:

"“Kim bir günde ýüz gezek:
“Lä ilähä illlallahu wähdähu lä şärikä lähu lähul-mulku wälähul-hamdu wähuwä ‘ala kulli şäýin kodir!”
(Allahdan başga (Hak ybadat edere) hiç hili hudaý ýokdur. Onuň diňe Özi bardyr, Onuň hiç hili şärigi ýokdur. Ähli mülk Onuňkydyr. Ähli öwgüler Oňa mahsusdyr. Onuň ähli zada güýji ýetýändir) – diýip gaýtalasa, on sany guly azat eden ýaly sogap gazanar, oňa ýüz sany ýagşylygyň sogaby ýazylar, ýüz sany günäsi bagyşlanar, şol güni tä, agşama çenli şeýtandan goralar we (bu dogany ol adamdan) has hem köp gaýtalan adamdan başga hiç kim, ondan gowy (sogaply) iş edip bilmez”.
Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem sözüni dowam etdirip ýene-de şeýle diýdi: “Kim bir günde ýüz gezek “Subhanallahi wä bihämdihi!” diýse, onuň günäleri eger-de deňiziň köpükleri ýaly köp bolsa-da bagyşlanar”. "

Salgylanma:

(Muttafakun aleýhi)