1413

وعَنْ أبي مالكٍ الأشْعَرِيِّ رضي اللَّه عنْهُ قال: قال رسُولُ اللَّه صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم: «الطُّهُورُ شَطْرُ الإيمان والحمدُ للَّهِ تَمْلأُ المِيْزانَ وسُبْحَانَ اللَّهِ والحمْدُ للَّه تمْلآنِ ¬ أو تَمْلأُ ما بَيْنَ السَّمَواتِ والأرْضِ « رواهُ مسلم.

Ebu Mälik El-Eşgarydan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir:

“Päklik imanyň ýarysydyr.[1] “Älhämdulilläh” sözi mizany doldurar, “Subhanallahi wel-hamdulillähi” sözleri bolsa, ýer bilen gökleriň arasyny doldurar”[2].

Salgylanma:

(Muslim)

bellikler:

“[1]Alymlaryň aýtmagyna görä, bu hadysdaky iman sözüniň manysy namaz diýmekdir, ýagny täret almak namazyň sogabynyň ýarysyna barabardyr diýmekligi aňladýar. Käbir alymlaryň aýtmagyna görä bolsa, bu ýerdäki päkligiň manysy ýüregiň arassalygyny ýa-da günälerden arassa bolmagy aňladýar diýipdirler.
[2] Sogapdan doldurar