1441

وعنْ أَبي الدِّرداءِ رضيَ اللَّه عَنْهُ قالَ: قالَ رسولُ اللَّهِ صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم: « أَلا أُنَبِّئُكُم بِخَيْرِ أَعْمَالِكُم وأَزْكَاهَا عِند مليكِكم وأَرْفعِها في دَرجاتِكم وخَيْرٌ لَكُمْ مِنْ إِنْفَاق الذَّهَبِ والفضَّةِ وخَيْرٌ لَكُمْ مِنْ أَنْ تَلْقوْا عدُوَّكم فَتَضربُوا أَعْنَاقَهُم ويضرِبوا أَعْنَاقكُم؟» قالوا: بلَى قال: « ذِكُر اللَّهِ تَعالى». رواهُ الترمذي قالَ الحاكمُ أَبو عبداللَّهِ: إِسناده صحيح.

Ebud-Derdadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir:

“Ähli mülküň eýesi bolan Perwerdigäriňiziň huzurynda eden amallaryňyzyň iň haýyrlysynyň we iň päginiň, sizi iň ýokarky derejelere çykarjak, (sadaka hökmünde) altyn-kümüş sarp etmekden we siziň üçin duşman bilen garşylaşyp, boýunlaryny urmagyňyzdan we olaryň siziň boýunlaryňyzy urmaklaryndan (ýagny jihäd etmekden) hem has haýyrly, sogaply amal hakynda aýdyp bereýinmi?” diýdi. Sahabalar: “Hawa, aýdyp ber!” diýdiler. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Allah Tagalany zikr etmekdir” diýdi”.

Salgylanma:

(Tirmizi. Al-Hakim Ebu Abdullah :Isnady sahyh diýipdir)