1450

وعن أبي سعيد الخُدْريِّ رضي اللَّه عنْهُ قال: خَرج معاوِيَة رضي اللَّه عَنْهُ علَى حَلْقَةٍ في المسْجِدِ فقال: ما أَجْلَسكُمْ؟ قالُوا: جلَسْنَا نَذْكُرُ اللَّه. قَالَ: آللَّهِ ما أَجْلَسكُم إِلاَّ ذَاكَ؟ قالوا: ما أَجْلَسنَا إِلاَّ ذَاكَ قال: أَما إِنِّي لَمْ أَسْتَحْلِفْكُم تُهْمةً لَكُم وما كانَ أَحدٌ بمنْزِلَتي مِنْ رسُولِ اللَّهِ صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم أقلَّ عنْهُ حَدِيثاً مِنِّي: إِنَّ رسُول اللَّهِ صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم خرَج علَى حَلْقَةٍ مِن أَصحابِه فقال: « ما أَجْلَسكُمْ ؟ « قالوا: جلَسْنَا نَذكُرُ اللَّه ونحْمدُهُ علَى ماهَدَانَا لِلإِسْلامِ ومنَّ بِهِ عليْنا. قَال: « آللَّهِ ما أَجْلَسكُمْ إِلاَّ ذَاكَ؟« قالوا: واللَّه ما أَجْلَسنا إِلاَّ ذَاكَ. قالَ: « أَما إِنِّي لَمْ أَسْتَحْلِفْكُمْ تُهمةً لكُمْ ولِكنَّهُ أَتانِي جبرِيلُ فَأَخْبرني أَنَّ اللَّه يُباهِي بِكُمُ الملائكَةَ « .رواهُ مسلمٌ .

Ebu Sa’yd El-Hudrydan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir:

"“Bir gün Mu’awiýe radyýallahu anhu mesjitde tegelenip oturan bir toparyň ýanyna baryp: “Siz bu ýerde näme sebäpden otyrsyňyz?” diýip sorady. Olar: “Allahy zikr edip otyrdyk” diýdiler. Ol: “Allahyň hatyrasyna dogryňyzy aýdyň, bu ýerde diňe şonuň üçin otyrsyňyzmy?” diýip sorady. Olar: “Hawa, diňe şonuň üçin otyrdyk” diýdiler. Mu’awiýe:
“Men size ynanmaýandygym üçin ant içiň diýmedim. Pygamberimiz sallallahu aleýhi weselleme meniň ýaly ýakyn bolup, menden az hadys rowaýat eden başga adam ýokdur. Bir gün Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem tegelenip oturan sahabalarynyň ýanyna gelip: “Siz bu ýerde näme sebäpden otyrsyňyz?” diýip sorady. Sahabalar: “Allahyň bizi Yslam dinine hidaýat edendigi üçin hem-de bize ony (uly bir nygmat edip) berendigi üçin Oňa zikr edip, Ony öwüp otyrdyk” diýdiler. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem:
“Allahyň hatyrasyna dogryňyzy aýdyň, bu ýerde diňe şonuň üçin otyrsyňyzmy?” diýip sorady. Sahabalar: “Allaha kasam bolsun, diňe şonuň üçin otyrdyk” diýdiler. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Men size ynanmaýandygym üçin kasam ediň diýmedim. Ýöne maňa Jebraýyl (aleýhissalam) gelip, Allahyň perişdeleriň öňünde siziň bilen buýsanýandygyny habar berdi, (şonuň üçin soradym)” diýdi”.
"

Salgylanma:

(Muslim)