1467

وعَنْ أَنَسٍ رَضي اللَّه عنْهُ قَالَ: كانَ أَكْثَرُ دُعَاءِ النبيِّ صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم: « اللَّهُمَّ آتِنَا في الدُّنْيَا حَسَنَةً، وفي الآخِرةِ حَسنَةً، وَقِنَا عَذابَ النَّارِ« .مُتَّفَقٌ عليهِ.

Enesden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir:

"“Pygamberimiz sallahu aleýhi wesellem köplenç edýän dogasy şudy:
“Allahummä ätinä fid-dunýä hasana, wä fil-ähiroti hasana, wä kynä ‘azäbän-när!” (Allahym! Bize şu dünýäde-de, ahyretde-de, ýagşylyklary bereweri we jähennem azabyndan goraweri!)
"

زاد مُسلِمٌ في رِوايتِهِ قَال:وكَانَ أَنَسٌ إِذا أَرَاد أَنْ يَدعُوَ بِدعوَةٍ دَعَا بها وَإِذا أَرَادَ أَن يَدعُو بدُعَاءٍ دَعا بهَا فيه .

Muslimiň eden rowaýatynda şu goşulyp gelýär:

“Enes bir doga-dileg etjek bolsa, şu dogany okardy. Eger-de birnäçe doga-dileg etjek bolanda, olaryň arasyna şu dogany hem goşardy”.

Salgylanma:

(Muttafakun aleýhi)