1472

وَعَنْهُ قَالَ: كَانَ رَسُولُ اللَّهِ صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم يقُولُ: « اللَّهمَّ أَصْلِحْ لي دِيني الَّذي هُوَ عِصْمَةُ أَمْرِي، وأَصْلِحْ لِي دُنْيَايَ التي فِيهَا مَعَاشِي، وَأَصْلِحْ لي آخِرَتي الَّتي فِيها معادي، وَاجْعلِ الحيَاةَ زِيادَةً لي في كُلِّ خَيْرٍ، وَاجْعَلِ الموتَ راحَةً لي مِنْ كُلِّ شَرٍ « . رَوَاهُ مسلِمٌ .

Ýene-de Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä,

"Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle doga ederdi:
“Allahummä aslih li dinilläzi huwä ‘ysmatu ämri, wä aslih li dunýäýälläti fihä ma’aşi, wä aslih li ahirotiýäl-läti fihä ma’adi, wäj’alil-haýätä ziýädätän li fi kulli hoýrin, wäj’alil-mäwtä rohätän li min kulli şärrin!”
(Allahym! Ähli işlerimde meni gorajak dinim[1] hakda ýalňyşmakdan meni goraweri. Ýaşaýan şu dünýämde işlerimiň ýola gitmegini ugrukdyraweri. Gaýdyp barjak ahyretimi gazanmaga maňa kömek edeweri. Ömrümde has köp haýyr-sahawat etmäge mümkinçilik bereweri. Maňa her dürli erbetliklerden halas etjek ölüm nesip eýläweri!)
"

Salgylanma:

(Muslim)

bellikler:

Ähli tarapdan dinimde dogry bolmaga kömek et.