1476

وَعَن أَبي موسَى رضَيَ اللَّه عَنْه عَنِ النَّبِيِّ صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم أَنَّه كَانَ يَدعُو بهَذا الدُّعَاءِ: «اللَّهمَّ اغْفِر لي خَطِيئَتي وجهْلي، وإِسْرَافي في أَمْري، وما أَنْتَ أَعلَم بِهِ مِنِّي، اللَّهمَّ اغفِرْ لي جِدِّي وَهَزْلي، وَخَطَئي وَعمْدِي، وَكلُّ ذلِكَ عِنْدِي، اللَّهُمَّ اغْفِرْ لي مَا قَدَّمْتُ وَمَا أَخَّرْتُ، وَما أَسْررْتُ وَمَا أَعْلَنْتُ، وَمَا أَنْتَ أَعْلَمُ بِهِ مِنِّي، أَنْت المقَدِّمُ، وَأَنْتَ المُؤَخِّر، وَأَنْتَ عَلى كلِّ شَيْءٍ قَدِيرٌ « .متفقٌ عليه .

Ebu Musadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä,

"Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle doga ederdi:
“Allahummägfir li hotyyäti wä jähli, wä israafi fi ämri, wä mä Äntä a’lämu bihi minni! Allahummägfir li jiddi wä häzli, wä hotäi wä ‘amdi, wä kullu zälikä ‘yndi! Allahummägfir li mä koddämtu wä mä ähhärtu, wä mä äsrortu wä mä a’läntu, wä mä Äntä a’lämu bihi minni! Äntäl- Mukaddimu wä Äntäl- Muähhyru wä Äntä ‘alä kulli şäýin kadir!”
(Allahym! Günälerimi we nadanlykdan (bilmezlikden) eden ähli günälerimi, çägimden çykyp eden ähli işlerimi we menden has gowy bilýän ähli günälerimi bagyşlaweri! Allahym! Meniň çyndan we oýun edip (degişip) eden günälerimi, ýalňyşyp we bilgeşleýin eden günälerimi hem bagyşlaweri! Bu (kemçilikleriň) hemmesi mende bardyr! Allahym! Şu wagta çenli eden we mundan beýläk hem etjek günälerimi, gizlin we aç-açan eden günälerimi we menden has gowy bilýän ähli günälerimi bagyşlaweri! Öňe gidiriji – Al-Mukaddim we yza galdyryjy – Al-Muahhyr hem Sensiň! Seniň hemme zada güýjüň ýetýändir!)
"

Salgylanma:

(Muttafakun aleýhi)