1486

وَعن عليٍّ رَضِيَ اللَّه عَنْهُ أَنَّ مُكَاتَباً جاءهُ فَقَالَ إِني عجزتُ عَن كتابتي فَأَعِنِّي. قالَ: أَلا أُعَلِّمُكَ كَلِماتٍ عَلَّمَنيهنَّ رَسُولُ اللَّهِ صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم لَو كانَ عَلَيْكَ مِثْلُ جبلٍ دَيْناً أَدَّاهُ اللَّهُ عنْكَ؟ قُلْ: « اللَّهمَّ اكْفِني بحلالِكَ عَن حَرَامِكَ وَأغْنِني بِفَضلِكَ عَمَّن سِوَاكَ». رواهُ الترمذيُّ وقال: حديثٌ حسنٌ .

Alydan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä,

"özüni azat etmek üçin eýesi bilen ylalaşyk baglaşan bir gul onuň ýanyna gelip: “Ylalaşan bergimi toplap bilemok, maňa kömek edäý!” diýdi. (Hezreti Aly) oňa: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň maňa öwreden bir dogasyny saňa öwredeýinmi? Eger-de üstüňde dag ýaly bergiň bar hem bolsa, şu dogany okasaň, Allah Tagala bergiňi üzmäge kömek eder” diýip, şuny oka diýdi:
“Allahummäkfini bihalälikä ‘an haramikä, wä ägnini bifadlikä ‘amman siwäkä!”
(Allahym! Maňa halalyňdan berip haramyňdan goraweri we fazly-keremiň bilen meni Özüňden başgasyna mätäç eýlemäweri!) "

Salgylanma:

(Tirmizi. Ol: Hadys hasan diýipdir)