1492

وعن أَبي أُمامةَ رضيَ اللَّه عنْهُ قَالَ: دَعا رسُولُ اللَّهِ صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم بِدُعَاءٍ كَثيرٍ لم نَحْفَظْ مِنْهُ شَيْئاً قُلْنا يا رَسُولَ اللَّهِ دعوتَ بِدُعاءٍ كَثِيرٍ لم نَحْفَظ منْهُ شَيْئاً فقَالَ: « أَلا أَدُلُّكُم على ما يَجْمَعُ ذَلكَ كُلَّهُ؟ تَقُولُ: « اللَّهُمَّ إِنِّي أَسْأَلُك مِن خَيرِ ما سأَلَكَ مِنْهُ نبيُّكَ مُحَمَّدٌ صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم وأَعُوذُ بِكَ من شَرِّ ما اسْتَعاذَ مِنْهُ نَبيُّكَ مُحمَّدٌ صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم، وَأَنْتَ المُسْتَعَانُ، وعليْكَ البلاغُ، ولا حَوْلَ ولا قُوَّةَ إِلاَّ بِاللَّهِ « رواهُ الترمذيُّ وقَالَ: حديثٌ حَسَنٌ .

Ebu Umamadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir:

"“Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem köp doga-dileg ederdi, ýöne biz olardan hiç birini ýatda saklap bilmedik. Biz: “Ýa Resulallah! Köp doga-dileg etdiň ýöne welin biz olardan hiç birini ýat tutup bilmedik” diýdik. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Size şol dogalaryň hemmesini öz içine jemleýän bir doga öwredeýinmi?” diýip, şeýle diýdi:
“Allahummä inni äsälukä min hoýri mä sä’äläkä minhu näbiýýukä Muhammadun sallallahu ‘alaýhi wä sällämä, wä ‘auzu bikä min şärri mästa’aza minhu näbiýýukä Muhammadun sallallahu ‘alaýhi wä sälläm, wä Äntäl-Musta’anu, wä ‘alaýkäl-bälägu , wälä häwlä wälä kuwwata illä billähi!”
(Allahym! Pygamberiň Muhammed sallallahu aleýhi wesellemiň Senden dilän ähli haýyr zatlary men hem Senden dileýärin. Pygamberiň Muhammed sallallahu aleýhi wesellemiň Saňa sygynan şerlerinden men hem Saňa sygynýaryn[1]. Kömek-ýardam diýip diňe Saňa ýüz tutulýandyr. Adamlary maksat-myratlaryna, arzuwlaryna ýetirjek hem ýene Sensiň. Allahdan başga hiç kimde güýç we kuwwat ýokdur!)
"

Salgylanma:

(Tirmizi. Ol: Hadys hasan diýipdir)

bellikler:

[1]Ýagny Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň Senden goramagyňy dilän zatlarynyň ählisinden meni hem goramagyňy dileýärin.